Iň täze habarlar

Türkmenistanyñ hemişelik Bitaraplygynyñ ähmiýeti barada dördünji Antalýa diplomatik forumynda maslahatlaşyldy

12.04.2025 | 12:30 |
 Türkmenistanyñ hemişelik Bitaraplygynyñ ähmiýeti barada dördünji Antalýa diplomatik forumynda maslahatlaşyldy

11-nji aprelde Ministrler Kabinetiniñ Başlygynyñ orunbasary H.Geldimyradowyñ ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyñ wekiliýeti dördünji Antalýa diplomatik forumynyñ (ADF-2025) işine gatnaşdy. Ýokary derejeli çäre Türkiýe Respublikasynyñ Antalýa şäherindäki "Nest" Maslahatlar merkezinde geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, her ýylky Antalýa diplomatik forumy (ADF-2025) derwaýys global we sebitleýin meseleler boýunça pikir alyşmak, häzirki zaman çagyryşlara jogap gözlemek, täze netijeli hyzmatdaşlyk ýollaryny ösdürmek üçin giñ dialog meýdançasynyñ döredilmegine gönükdirilen başlangyç bolup durýar.

Forumyñ çäklerinde gatnaşyjylara halkara hyzmatdaşlygyñ döwrebap meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik beren tematiki bölümçeleriñ birnäçesi guraldy.

"Hyzmatdaşlyk, sanlylaşdyrma we ösüş" bölümçesiniñ çäklerinde eden öz çykyşynda H.Geldimyradow oñyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan we halkara bileleşigiñ giñ goldawyny tapan daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistanyñ ählumumy abadançylygyñ we Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyñ bähbidine konstruktiw halkara hyzmatdaşlygyñ pugtalandyrylmagyna ägirt uly goşandyny goşýandygyny belledi.

Munuñ bilen birlikde, Türkmenistanyñ başlangyjy bilen, BMG-niñ Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyñ "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýlip yglan edilendigi barada nygtaldy. Munuñ özi Türkmenistanyñ global parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işiniñ ykrar edilmeginiñ aýdyñ beýany boldy.

Şeýle hem, bölümçä gatnaşmagynyñ çäklerinde türkmen wekiliýeti serhetüsti infrastruktura taslamalaryñ ösüş, halkara ulag geçelgeleriñ ulanyş we sanly transformasiýa meselelerine ünsi jemledi.

Türkmenistanyñ wekiliýetiniñ başlygy Türkmenistanyñ Durnukly ulag baglanyşygynyň dünýä kartasyny, Bütindünýä energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça Bileleşigi döretmek, şeýle hem Aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça Çarçuwaly ählumumy maksatnamasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyçlaryñ wajyplygyna gatnaşyjylaryñ ünsüni çekdi.

Mundan başga-da, diplomatik forumyna gatnaşmagyñ çäklerinde Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniñ Başlygynyñ orunbasary H.Geldimyradowyñ Türkiýe Respublikasynyñ Ýokary bilim geñeşiniñ (ÝÖK) Başlygy Erol Özwar bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyñ barşynda ylym we ýokary bilim babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçilikleri, şol sanda Türkmenistanyñ we Türkiýäniñ bilim edaralarynda bilelikdäki çäreleri geçirmek meseleleri barada maslahatlaşyldy.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: