Iň täze habarlar

Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň ýaşlary sanly ykdysadyýet ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar

13.04.2025 | 21:50 |
 Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň ýaşlary sanly ykdysadyýet ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar

Anna güni, 11-nji aprelde Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şensi welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Sian şäherinde Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň arasynda sanly ykdysadyýet ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýaşlaryň bilelikdäki ösüşine ýardam bermek meselelerine bagyşlanan dialog geçirildi diýip, «Sinhua» habarlar agentligi Hytaýyň Kommunistik ýaşlar birleşiginiň Merkezi komitetine salgylanyp habar berýär. Ählihytaý ýaşlar federasiýasy tarapyndan gurnalan bu çärä Hytaýdan we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň ýaşlar guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de ýaş telekeçileriniň 60-dan gowragy gatnaşdy.

Çärä gatnaşyjylar ýaşlaryň güýjüniň, tehnologiýa innowasiýalarynyň we halkara hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşde möhüm orny eýelejekdigini belläp geçdiler. Olar sanly infrastruktura gurluşygynyň çaltlandyrylmagyna, sanly sowatlylyk boýunça bilimleriň ýaýradylmagyna, şeýle hem sebitleýin platformalar we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk taslamalary arkaly ýaşlaryň sanly özgertmelere we innowasion tejribelere giňden gatnaşmagyna höweslendirmäge çagyrdylar.

Hususan-da, Ählihytaý ýaşlar federasiýasynyň başlygynyň orunbasary Şapkat Uşur Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň ýaşlarynyň sanly ykdysady hyzmatdaşlyk platformalaryny bilelikde döretmegine, sanly ösüşiň netijelerinden bilelikde peýdalanmagyna, ýaşlaryň sanly ösüş ugrundaky hukuklaryny we bähbitlerini goramagyna, şeýle hem halkara ýaşlar gün tertibini öňe sürüp, häzirki döwre mahsus sanly innowasiýa akymlaryna eýerip bilelikde ösmegine umyt bildirdi.

Dialogyň çäklerinde Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň arasynda sanly ykdysadyýet ugrunda hyzmatdaşlyk taslamalary boýunça, şol sanda emeli aň, üpjünçilik zynjyrlary we logistika parklary ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna hem gol çekildi diýlip, agentligiň maglumatynda aýdylýar.

Foto: gdpr.pl

Şeýle hem okaň: