Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy

14.04.2025 | 15:15 |
 Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, sebit we dünýä derejesinde deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýany üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunda dünýäniň ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge hem-de ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň “EKSPO — 2025” sergisine gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bütindünýä EKSPO sergileri ýurtlary, kompaniýalary we guramalary öz gazananlary, tehnologiýalary we medeniýetleri bilen tanyşdyrmak üçin bir ýere jemleýän özboluşly halkara çäresidir. Ilkinji Bütindünýä sergisi 1851-nji ýylda Londonda geçirildi. Şondan bäri hem EKSPO sergileri tejribe alyşmak we gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.

Türkmenistan şu gezekki Bütindünýä sergisinde ilkinjileriň biri bolup öz Milli gününi geçirýändigini bellemek gerek.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, sergä gatnaşyjylara uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de döredilen ajaýyp şertler üçin guramaçylara çuňňur minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň pawilýonynyň aýlawly üçburçlyk görnüşindäki şekili täzelenişi, durnukly ösüşi alamatlandyrýar. Binanyň üçegi türkmen halkynyň gadymy şaý-sepleriniň biri bolan “Gülýakadan”, daşky görnüşi bolsa Garagum sährasyndan ylham alýar. Şeýle hem binanyň daşky bezeginde türkmen halysynyň gölleri, ady äleme dolan ahalteke bedewiniň şekili hem-de gözel tebigatymyzyň ajaýyp keşbi ulanylypdyr.

Türkmenistanyň Milli pawilýony gadymy däp-dessurlaryň we döwrebaplygyň jemlenýän ýeri bolup, özüniň ajaýyp görnüşleri bilen myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär. Haly gölleri merdana ata-babalarymyzyň şöhratly taryhy barada habar berýän bolsa, Garagum sährasynyň gülleri türkmen tebigatynyň gözelligini we köpdürliligini beýan edýär. Ýurdumyzyň milli pawilonynyň gurluşygynda ekologiýa taýdan arassa serişdeler ulanyldy.

ORIENT news

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: