Serdar Berdimuhamedow: Parahatçylyk, ynanyşmak, deňhukuklylyk –bütindünýä ykdysady gatnaşyklarynyň esasydyr
15.04.2025 | 02:10 |Ýaponiýa saparynyň çäginde Osakada bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow 14-nji aprelde, duşenbe güni “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasynda gutlag sözi bilen çykyş etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda, hususan-da şeýle belledi:
– “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi döwletleriň, halkara guramalaryň, ykdysady we maliýe institutlarynyň, işewürleriň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýär. Şeýle hem ykdysady, maýa goýum gatnaşyklary üçin netijeli ugurlary, öňdebaryjy ideýalary, tehnologik çözgütleri öňe sürýär.
Prezidentiň aýdyşy ýaly Bütindünýä sergisiniň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýeti bardyr. Bu sergi Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmegi bilen gabat gelýär.
– Parahatçylyk, ynanyşmak, deňhukuklylyk bütindünýä ykdysady gatnaşyklarynyň esasyny düzmelidir! – diýip , döwlet Baştutany aýtdy.
Türkmenistanyň Milli gününi açmak bilen, Prezident ýurduň açyk dialog, halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny we dürli ugurlarda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistanyň dünýäniň energetika taýdan öňdebaryjy döwletleriniň biri hökmündäki orny barada aýdyp, Prezident: “energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermek üçin iri taslamalary öňe sürýär. Hyzmatdaşlar bilen bilelikde möhüm ähmiýetli taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýar” diýip, belledi.
Sergide Türkmenistanyň pawilýony bu ýere gelýänleri ýurduň senagaty, oba hojalygy, dokma, himiýa senagaty, syýahatçylyk pudaklarynda we beýleki ugurlarda ýeten sepgitleri bilen tanyşdyrýär. “Bu üstünlikleriň ählisi dürli pudaklarda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeleriň netijeleridir.”
Prezident ýurduň durnukly ösüşi üçin ylmy taýdan esaslandyrylan daşary ykdysady syýasatyň ähmiýetini şeýle hem Türkmenistanyň halkara söwda, maýa goýum we tehnologik işlere yzygiderli gatnaşýandygyny belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyga degip geçip, Türkmenistanyň Ýaponiýa uzak möhletli, ygtybarly we durnukly hyzmatdaş hökmünde garaýaýandygyny aýtdy.
– Ýaponiýanyň köp sanly işewür toparlary biziň ýurdumyzyň ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag pudaklarynda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi we bu işleri amala aşyrmakda uly tagallalary edýändikleri üçin Ýaponiýanyň Hökümetine we işewürler toparyna minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle hem döwlet Baştutany serginiň ilkinji günlerinde milli sergisini görkezmek Türkmenistan üçin uly hormatdygyny belledi. Bu täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak we halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak üçin mümkinçilikler döredýär.
Çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.
Baýramçylyk dabarasy medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary tamamlandy we ondan soň myhmanlar milli pawilýona aýlanyp görmäge çagyryldy.
Bu dabara türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen bilelikde Ýaponiýanyň “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi boýunça ministri Ito Ýoşitaka, “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň Baş komissary Haneda Koji, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki dagylar gatnaşdylar.
ORIENT