Türkmenistanda kiberhowpsuzlyk boýunça amaly sapaklar geçirildi
14.04.2025 | 12:10 |Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanyndaky “Sanly çözgüt – IT meýdança” hojalyk jemgyýetiň binasynda kiberhowpsuzlyk boýunça amalay sapaklar geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Geçirilen sapaklaryň maksady ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň we mugallymlarynyň maglumat howpsuzlygy babatda hünär endiklerini ýokarlandyrmakdan, şeýle hem olarda maglumat-hasaplaýyş tehnologiýalar ulgamynda bilimleri özleşdirmäge we olary artdyrmaga höwes döretmekden ybaratdyr.
Mugallymlar we talyplar Capture the Flag (CTF) boýunça birinjilik ugrunda ýaryşdylar. Toparlar nyşanlaryň özboluşly kombinasiýasyny (baýdak) almak üçin amaly ýumuşlary çözdüler. Soňra ýumuşyň dogry çözülendigi ýa-da ýene bir gezek jogap bermäge synanyşmalydygy tassyklanýança, baýdak ýörite platforma ugradylýar.
Iň gowy netijeleri görkezen talyplar kiberhowpsuzlyk boýunça milli ýaryşyň birinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
ORIENT news