Türkmenistan Gyrgyzystana elektrik energiýasyny geçirer
10.04.2025 | 17:35 |Gyrgyzystan Türkmenistan bilen 2026-njy ýyla çenli elektrik energiýa üpjünçiligi hakynda ylalaşyga gol çekdi. Bu barada Ýangyç-energetika toplumy, ýerasty serişdeleri ulanmak we senagat syýasaty boýunça Žogorku Keneş komitetiniň mejlisinde energetika ministri Taalaýbek Ibraýew habar berdi.
Onuň aýtmagyna görä, indiki ýyl Russiýa, Gazagystan we Özbegistan bilen hem elektrik energiýa üpjünçiligi barada gepleşikler alnyp barylýar. Taalaýbek Ibraýewiň aýtmagyna görä, bu ýurtlar bilen 2025-nji ýyl üçin eýýäm ylalaşyklar bar.
2024-nji ýylyň maglumatlaryna laýyklykda, Gyrgyzystan 3 mlrd 634,4 mln kW/s möçberinde elektrik energiýany import etdi.
ORIENT news