Iň täze habarlar

Mary şäher häkimligi ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

10.04.2025 | 15:35 |
 Mary şäher häkimligi ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Mary şäher häkimligi welaýat polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin 2 gatly, her biri 1 hojalyga niýetlenen jemi 10 sany kotej görnüşli ýaşaýyş jaýlaryny we 1 sany 4 gatly, 24 öýli ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin, potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşik 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde Mary şäheriniň Watan köçesiniň 31-nji jaýynda - Mary şäher häkimliginiň jaýynda geçiriler.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 (522) 6-07-42

ORIENT news

Foto: norma.uz

Şeýle hem okaň: