Şu ýylyň iýun aýy Aşgabatda iň salkyn iýun aýy boldy
02.07.2025 | 13:55 |Şu ýylyň iýun aýy Aşgabat şäherinde soňky 16 ýylyň iň salkyn iýun aýy boldy. Paýtagtymyzda ortaça aýlyk howa temperaturasy +29,5° boldy, bu bolsa howa kadasyndan bary-ýogy 0,1° pesdir.
Soňky ýyllarda, global howa üýtgemeleri we aýratyn-da soňky onýyllyk döwrüň aýratyn ýylylygy sebäpli, iýun aýynyň ortaça temperaturasy yzygiderli ýagdaýda kadadan ýokary bolup gelýärdi (1991–2020-nji ýyllar aralygyndaky statistika maglumatlary boýunça bu kada +29,6° deñdir). 2013-nji ýyldan bäri iýun aýlarynda temperatura +30° derejesinden pes bolmady, soňky gezek kadadan pes görkeziji 2009-njy ýylda bellige alnypdy — şol ýylda ortaça temperatura +28,5° boldy.
Şol döwürde iň yssy iýun aýlary 2015, 2019, 2020, 2021, 2022 we 2023-nji ýyllara degişli bolup, bu ýyllarda ortaça temperatura +31° derejesinden ýokary boldy. Esasy rekord bolsa 2015-nji ýylyň iýunynda gazanyldy — şol ýyl +47,2° bilen gözegçilik döwrüniň iň ýokary temperaturasy bellige alyndy.
Gyzykly tarapy, şu ýylyň maý aýy bolsa, Aşgabadyň gözegçilik taryhynda iň yssy maý aýy boldy (+27,1°), aprel bolsa ikinji iň yssy aprel hökmünde hasaba alyndy.
Iýun aýynda howa şertleri üýtgäp durdy: gysga wagtlaýyn yssy döwürler, has uzak dowam eden salkyn we kadadan pes günler bilen çalşyp durdy. Bu ýagdaý, demirgazyk-günbatar akymlarynyň täsiri bilen gelip girýän azrak termiki howa massalarynyň we antisiklonlaryň günorta we günorta-günbatar periferiýasyndaky hereketleriniň netijesinde ýüze çykdy. Antisiklonlaryň merkezleri bolsa Gazagystanyň üstünde ýerleşýärdi diýip, Meteožurnal ýazýar.
Aýyň iň ýokary temperaturasy 16-njy iýunda (+41,6°), iň pes temperaturasy bolsa 9-njy iýunda (+16°) bellige alyndy. Iýun aýynda 4 gün temperatura +40°-den ýokary, şolardan diňe bir gün bolsa +41°-den ýokary boldy.
8-nji iýun aýratyn tapawutlanýar: bu gün 2023-nji ýyldan bäri iýun aýyndaky iň salkyn gün boldy — ortaça günlük temperatura kadadan 10° pes, gündizki maksimum bolsa diňe +19° boldy. Şeýle hem bu gün Aşgabadyň tomsy üçin seýrek duş gelýän gijäniň gündizden ýyly bolmagy — ýagny tersine temperaturaly günlük hadysa bilen tapawutlandy.
Aýyň dowamynda 7,7 mm ýagyn ýagdy, bu bolsa ortaça howa kadasy bilen laýyk gelýär.
ORIENT