“Daewoo E&C”, türkmen bazaryndaky işwürligini diwersifikasiýa etmegiň ýollaryny gözleýär
01.07.2025 | 21:10 |“Daewoo E&C” koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju 26-30-njy iýun aralygynda täze işewürlik mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de kompaniýanyň Merkezi Aziýa bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak maksady bilen Türkmenistanda saparda boldy. Bu barada kompaniýanyň 1-nji iýundaky beýanatynda aýdylýar.
Ozal habar berlişi ýaly Jong Won-ju saparynyň dowamynda Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Ol “Daewoo E&C”-iň Türkmenabatdaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumynyň taslamasyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi we bu taslamany üstünlikli tamamlamaga ygrarlydyklaryny tassyklady. Jong Won-ju şeýle hem gaz känlerini özleşdirmek, nebitgaz we himiýa senagatynda iri taslamalaryna gatnaşmak, şeýle hem demriýol ulgamynda, metrolaryň we köp gatly binalaryň gurluşygynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdy.
Mundan başga-da, “Daewoo E&C” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow bilen duşuşyp, “Daewoo E&C”-iň täze nebithimiýa zawodlarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi. Ol kompaniýanyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşini goldaýan birnäçe infrastruktura başlangyçlaryny goldamaga gyzyklanma bildirdi.
Soňra Jong Won-ju nebitgaz pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Batyr Amanow we “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen duşuşyp, “Daewoo E&C”-iň gaz känlerini özleşdirmek boýunça täze taslamalara gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşdy.
Saparyň maksatnamasyna şeýle hem, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe-ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Hojamyrat Geldimyradow we Günorta Koreýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ji Kýu-Tek bilen duşuşyklar girdi. Ol duşuşyklar koreý kärhanalarynyň türkmen bazaryna girmegini diwersifikasiýalaşdyrylmagyna bagyşlandy.
“Daewoo E&C” wekiliniň belleýşi ýaly, Türkmenistan iş bukjasyny giňeltmegi we lokalizasiýany çaltlaşdyrmagy meýilleşdirýän kompaniýa üçin strategiki bazardyr. “Daewoo E&C” dowamly dolandyryş gatnaşygy we tor ulgamyny gurmak arkaly sebitdäki ornuny berkitmegi maksat edinýär diýip, kompaniýada bellenildi.
ORIENT