Döwlet energetika institutynda aýdym-sazly çäre geçirildi
04.03.2025 | 18:00 |3-nji martda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Dünýä şöhrat-şan sen, türkmen bedewi» atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi.
Bu çäre Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji Halkara sirk sungaty festiwalynda gatnaşyp, ýeňiji bolmagy mynasybetli guraldy.
Dabarada institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlary Watanymyzy we onuň ösüşlerini wasp edýän birnäçe aýdymdyr, tanslary bilen çykyş etdiler.
ORIENT