Iň täze habarlar

Turkish Airlines Aşgabat-Stambul gatnawlaryny hepdede 17–ä çenli köpelder

18.04.2025 | 11:10 |
 Turkish Airlines Aşgabat-Stambul gatnawlaryny hepdede 17–ä çenli köpelder

Türkmen raýatlarynyň Türkiýä syýahatlaryna bolan barha artýan gyzyklanmasynyň netijesinde Turkish Airlines awiakompaniýasy Aşgabat-Satmbul ugry boýunça gatnawlaryny hepdede 17-ä çenli köpelder. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok habar berdi.

2025-nji ýylyň 1-nji aprelinden gatnawlaryň sany hepdede 11-den 14-e çenli köpeldildi. Indiki artdyrma – 17 gatnawa çenli – 2025-nji ýylyň 10-njy iýunyna meýilleşdirildi. Bu karar iki ýurduň arasyndaky syýahatçylygy mundan beýläk-de ösdürmäge we ulag elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ilçi Turkish Airlines kompaniýasynyň global syýahatçylygy ösdürmäge goşýan möhüm goşandy barada belledi. Awiakompaniýa dünýäniň 131 ýurdunda 353 nokatlarda, şol sanda iň köp isleg bildirilýän ugurlarynda öz hyzmatlaryny ýetirýär.

Häzirki wagtda Aşgabat-Stambul ugry boýunça gatnawlary Turkmenistan Airlines awiakompaniýasy hem amala aşyryp, hepdede 10 gatnawa çenli hödürleýär.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: