Iň täze habarlar

2024-nji ýylda Türkmenistanyň 153 müňden gowrak raýaty Türkiýä baryp gördi

18.04.2025 | 10:00 |
 2024-nji ýylda Türkmenistanyň 153 müňden gowrak raýaty Türkiýä baryp gördi

2024-nji ýylda Türkiýä 153 688 Türkmenistanyň raýaty baryp gördi. Bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 27 % köpdür. Bu barada Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeligine bagyşlanan çärede Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok habar berdi. Ol Türkiýäniň dünýä syýahatçylyk ulgamynda orunlaryny berkitmegi dowam edýändigi barada belledi. 2024-nji ýylda ýurda 62 mln-dan gowrak syýahatçy bardy. 2025-nji ýylda Türkiýe 65 mln syýahatçy we syýahatçylykdan gelýän girdejini 64 mlrd dollara çenli artdyryp, täze rekordlary goýmaga synanyşýar.

“Ýumşak howasy, tebigy gözellikleri, taryhy mirasy hem-de Gündogary we Günbatary birleşdirýän özboluşly medeniýeti bilen, Türkiýe tutuş dünýäniň syýahatçylary üçin iň özüne çekiji ýurtlaryň biri bolmagynda galýar” – diýip, Ilçi aýratyn belläp geçdi.

Şeýle hem, ol Türkiýäniň her bir sebitinde bütin ýylyň dowamynda islendik görnüşli syýahatçylyk çärelerini tapyp bolýandygyny aýtdy.

ORIENT news

Foto: ztb.kz

Şeýle hem okaň: