Iň täze habarlar

Aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleri talyplaryň uçurum dabarasyna gatnaşyp, gutlag sözlerini aýtdylar

17.06.2025 | 17:50 |
 Aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleri talyplaryň uçurum dabarasyna gatnaşyp, gutlag sözlerini aýtdylar

17-nji iýunda, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uçurmlaryny gutlamak dabarasyna gatnaşdylar.

Dabarada çykyş eden ýaş aragatnaşykçylar: «Innowasiýa taýdan täze ösüşlere tarap batly gadamlar bilen öňe barýan ýurdumyzda, ýokary hünär derejeli, häzirki zaman bilimli we baý dünýägaraýyşly hünärmenler bolup zähmet çekip başlarsyňyz. Siziň aň-paýhasyňyz we täze pikirleriňiz bolsa, Watanymyzy mundan beýläk-de rowaçlandyrar» diýip belläp geçdiler.

Talyp ýaşlar öz gezeginde, Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny belent mertebe bilen ýöredýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň bilim almaklary, mynasyp zähmet çekmekleri üçin döredilýän şertlere alkyş sözlerini beýan etdiler.

Dabaranyň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar, ýokary bilimli hünärmenler hökmünde durmuş ýoluna gadam basýan uçurumlarda ýakymly täsirler galdyrdy.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: