Iň täze habarlar

Russiýa täze pasport taýýarlaýar: QR-belgili we “atlas” elementli köpugurly resminama

16.06.2025 | 17:40 |
 Russiýa täze pasport taýýarlaýar: QR-belgili we “atlas” elementli köpugurly resminama

Russiýa Federasiýasynyñ Döwlet Dumasynda “ATLAS” kommunikasiýa agentliginiň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen täze rus pasportynyň konsepsiýasy boýunça teklip ara alnyp maslahatlaşylar. паспортроссии.рф portalynyñ habar berşi ýaly, teklip edilýän prototip Russiýanyñ raýatynyñ esasy resminamasy bolan pasportyň daşky görnüşini we funksiýalaryny düýpli özgerdýär.

1

Taslamanyň esasy maksady – raýatyň şahsyýetini içerde we daşary ýurtlarda tassyklap bilýän köpugurly resminama döretmekdir. Hakykat ýüzünde ol içerki we daşary ýurt pasportlarynyñ funksiýalaryny birleşdirer. Täze pasportyň ID sahypasynda QR-belgi ýerleşdiriler. Ol belginniñ içinde ýaşaýan ýeri, maşgala ýagdaýy, gan topary we saglyk ýagdaýy ýaly eýesi baradaky häzirki wagtda degişli bolan maglumatlar jemlenýär. Bu maglumatlar birnäçe dilde görkeziler, bu bolsa pasporty barlamak düzgünerini Russiýada hem-de daşary ýurtlarda ep-esli ýeňilleşdirer we adaty möhürleriň köpüsiniñ zerurlygyny aradan aýyrar.

5

Täze pasportyň dizaýny hem aýratyn üns merkezinde boldy. Taslamanyň awtorlary häzirki pasportyň “belleniksizligini” aradan aýyrmak bilen ony has täsirli we “janly” etmek isläpdirler. Maksat — Russiýanyň medeniýetine we taryhyna bolan söýgini pasportda beýan etmek, ony ýurt baradaky “atlas” görnüşine getirmekdir.

2

3

Täze resminamanyň sahypalary Russiýanyň dürli sebitleriniň gözelligini we ähmiýetini görkezýän şekiller bilen bezeler: Sankt-Peterburgdaky meşhur “Bürünç atlyly”, Kareliýanyň tokaýlary, Altaý daglary we Barensew deňziniň kenarlary. Şeýle hem dizaýna "Ene-toprak çagyrýar!" diýen ýadygärligiň şekili, şeýle-de Ýuriý Gagarin bilen Walentina Tereşkowanynyň portretleri goşulypdyr — olar ýurduň ägirt uly üstünlikleriniň nyşanydyr.

4

Göze görünýän şekillerden başga-da, pasport sahypalarynda ultramelewşe ýagtylygyň astynda ýüze çykýan gizlin elementler bolar. Olarda hem milli nagyşlar, hem-de Russiýanyň taryhyndaky möhüm wakalar şekillendirilýär. Täze pasport taslamasynyň Döwlet Dumasynyň komitetiniň mejlisinde ýakyn wagtda garalmagyna garaşylýar.

Foto: паспортроссии.рф

Şeýle hem okaň: