Türkmenistanyň wekiliýeti “Täze dünýä tertibi: geosyýasy nukdaýnazarlar we ählumumy wehimler” atly halkara maslahata gatnaşdy
17.06.2025 | 16:00 |2025-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa şäherinde geçirilen “Täze dünýä tertibi: geosyýasy nukdaýnazarlar we ählumumy wehimler” atly halkara maslahata gatnaşdy.
“Ýeni Azerbaýjan” partiýasy tarapyndan guralan bu foruma Türkiýe, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan ýaly döwletleriň syýasatçylary, bilermenleri we partiýa wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň we parahatçylyksöýüjilik syýasatynyň ähmiýetini belledi.
Saparyň çäklerinde “Ýeni Azerbaýjan” partiýasynyň başlygynyň orunbasary Tair Budagow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň syýasy partiýalar we kanun çykaryjy häkimiýet bilen gatnaşyklar bölüminiň başlygy Adalýat Weliýew we Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygynyň orunbasarlary Ziýafet Askerow hem-de Ali Ahmedow bilen duşuşyklar geçirildi.