Rus alymlary körler we görüş ukyby pes adamlar üçin AI-nawigatory döretdiler
16.06.2025 | 16:37 |Nowosibirsk döwlet tehniki uniwersitetiniň (NDTU NETI) hünärmenleri kör we görüş ukyby çäkli adamlar üçin ýörite niýetlenen innowasion emeli añly (AI) nawigator döretdiler. Bu ýerli programma Android operasion ulgamynda işleýär we ýokary netijeliligi hem-de ulanmakda ýönekeýligi bilen tapawutlanýar.
Ulgam 5 metre çenli aralykda päsgelçilikleri tanap bilýär we her bir kadr boýunça maglumatlary bary-ýogy 300 millisekuntda işläp taýýarlaýar. Şeýle ýokary tizlik ulanyjylara duýdansyz ýüze çykýan päsgelçiliklere çaltlyk bilen täsirlenmäge mümkinçilik berýär, munuň bilen birlikde maglumat köplügini hem peseldýär.
NDTU NETI-nyň bu işläp taýýarlamasynyñ möhüm artykmaçlyklaryna internet baglanyşyksyz işlemegi, hiç hili mahabat ýa-da tölegli abuna bolmazlygy girýär. Geljekde identifikasiýa üçin obýektleri özbaşdak goşmak, ses arkaly ýol görkezmek we obýektleri ady boýunça gözlemek ýaly mümkinçilikleri hem goşmak meýilleşdirilýär. Taslama eýýäm tamamlanyş tapgyrynda bolup, jemleýji synaglardan soň ýüze çykarylan kemçilikler düzediler we resmi tanyşdyrylyş amala aşyrylar.
ORIENT