Iň täze habarlar

Alibaba şahsy kompýuterleri we smartfonlary dolandyrmaga ukyply Emeli aňy döretdi

29.01.2025 | 13:12 |
 Alibaba şahsy kompýuterleri we smartfonlary dolandyrmaga ukyply Emeli aňy döretdi

2025-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Alibaba hytaý kompaniýasy Qwen2.5-VL emeli aňyň täze nusga görnüşleri bilen tanyşdyrdy. Olar şahsy kompýuterlerde hem ykjam enjamlarda programma üpjünçiligi bilen iş salyşmaga ukyplydyr.

Mysal üçin, tanyşdyrylyş wideo ýazgylaryň birinde bu nusga Android platformasynda Booking.com gollanmasyny üstünlikli işledip, awiabiletleri öňünden sargyt etdi. Başga bir synagda ol brauzerdaky goşmaça sahypalary geçirip bildi.

Işläp taýýarlaýjylaryň aýtmaklaryna görä, Qwen2.5-VL iň gowy nusgasy OpenAI-niň GPT-4o hem-de Anthropic-giň Claude 3.5 Sonnet modellerinden öňe geçýär. Ol diagramalary we grafikleri seljermäge, hasabat resminamalaryndan maglumatlary almaga, köp sagatlyk wideolary öwrenmäge, şeýle hem filmleriň we seriallaryň böleklerini tanamaga ukyplydyr.

Modeller Qwen Chat gollanmasynda hem-de Hugging Face platformasynda synag üçin elýeterlidir.

ORIENT news

Foto: 3dnews.ru

Şeýle hem okaň: