Iň täze habarlar

2024-nji ýylda gaza bolan dünýä islegi 4,21 trln m3 iň ýokary derejede ösdi

22.01.2025 | 12:25 |
 2024-nji ýylda gaza bolan dünýä islegi 4,21 trln m3 iň ýokary derejede ösdi

2024-nji ýylda gaza bolan dünýä islegi 4,21 trln m3 iň ýokary derejede ösüp, öňki ýyl bilen deňeşdirilende 2,8 % artdy.

Ösüşiň esasy faktorlary Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň ykdysady ösüşi bolup, islegiň bu sebite düşýän paýy takmynan 45 % artdy. Hususan-da, Hindistanda elektrik energiýany öndürmek üçin gazyň sarp edilişi güýçli depginde ýokarlandy, bu hem 2024-nji ýylyň tomsunda kadadan aşa ýokary gyzgynlyk derejesi bilen bagly boldy. Şeýle-de, Günorta Amerikada, esasan hem, Braziliýada we Kolumbiýada gurakly howa suw elektrik stansiýasynyň önümçiligini çäklendirip, gaz elektrik stansiýalaryna bolan zerurlygynyň ýokarlanmagyna getirdi. Ýewropada gaza bolan isleg hem az-owlak dikeldildi.

2025-nji ýylda islegiň 2 % artmagyna garaşylýar, bu bolsa 4,29 trln m3 deň bolar.

ORIENT news

Foto: 1prime.ru

Şeýle hem okaň: