Lebap welaýatynda Döwlet migrasiýa gullugynyň Kerki etrap bölüminiň täze edara binasy açyldy
22.01.2025 | 10:00 |“Watan goragçylarynyň gününiň” öň ýanynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Kerki etrap bölüminiň täze döwrebap edara binasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi.
Açylyş dabarasyna ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we Gullugyň işgärleri gatnaşdylar. Watan goragçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan watançylyk aýdymlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Dabarada çykyş edenler halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin üznüksiz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler. Dabaranyň myhmanlary edara binasynyň içine aýlanyp, olarda döredilen döwrebap şertlerdir mümkinçilikler bilen tanyşdylar.
Häzirki döwürde ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýän oňyn ýörelgelere hem-de öňdebaryjy usullara daýanýan düýpli özgertmeler alnyp barylýar. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem, bu täze edara binada harby gullukçylaryň sanly ulgamyň hyzmatyndan giňden peýdalanyp, raýatlarymyza döwrebap migrasiýa hyzmatlaryny bermegi üçin häzirkizaman tehniki enjamlary bilen doly üpjün edilmegidir.
ORIENT News