Katarda ýylyň şygaryna bagyşlanyp çäre geçirildi
22.01.2025 | 10:55 |2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli tanaşdyryş dabarasy guraldy. Bu çärä jemgyýetçilik edaralaryň, diplomatik wekilhananyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň wekilleri gatnaşdylar.
Tanyşdyryş dabarasynyň barşynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli şeýle hem Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanylyp ýurdumyzda ýokary derejede geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler hem-de Çuňňur Hormatlynylýan Döwlet Baştutanlarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan eserler bilen tanyşdyryldy.
Şeýle hem, türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen «Dialog parahatçylygyň kepili» atly halkara gatnaşyklardaky täze filosofiýanyň durmuşa geçirilmegi hem-de ýurdumyzyň halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlarynyň derwaýysdygy bellenilip, halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýeti nygtaldy.
ORIENT News