Iň täze habarlar

Türkmenistanda iňlis dili mugallymlary üçin hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça okuwlar başlady

21.01.2025 | 09:50 |
 Türkmenistanda iňlis dili mugallymlary üçin hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça okuwlar başlady

Accelerating English Language Learning in Central Asia (AELLCA) Britan Geňeşiniň taslamasynyň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili mugallymlary üçin hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça okuwlar başlady.

Institutyň 14 sany iňlis dili mugallymlary Beýik Britaniýanyň Nottingem Trent uniwersitetiniň tejribeli mugallymy Ste Şarpanyň ýolbaşçylygynda TKT (Teaching Knowledge Assessment) okuwlaryny geçip başladylar.

Okuwlar mart aýynyň ortalaryna çenli dowam eder.

Accelerating English Language Learning in Central Asia (AELLCA) taslamasy mugallymlaryň daşary ýurt dilini öwretmegiň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmäge, talyplaryň häzirki zaman okuw zerurlyklaryny hasaba almak bilen, diňleýjiler toparyny we dil endiklerini dolandyrmaga gönükdirilendir.

Okuwlary üstünlikli tamamlan mugallymlar Nottingem Trent uniwersitetiniň şahadatnamalaryny hem-de öz dersini okatmagyň usulyýeti boýunça bilimlerini barlaýan TKT Kembrij synaglaryna (Mugallymçylyk bilimleriniň synagy) gatnaşmaga mümkinçilik alar. Şahadatnama mugallaymlara ýerli we halkara derejede täze mümkinçiliklere ýol açar.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: