Dünýäniň telekom-kompaniýalary gaýtadan işlenilen simlerden alnan misiň satuwlaryndan milliardlarça girdeji alarlar
21.01.2025 | 12:10 |Bütin dünýäniň telekommunikasiýa kompaniýalaryny köne mis simlerden alnan misiň satuwlaryndan möhüm maliýe girdeji garaşýar.
Çaklamalara görä, gejek 15 ýylyň içinde olar 10 mlrd ABŞ dollaryndan gowrak girdeji alyp bilerler. Bu optik süýüm we simsiz torlar ýaly häzirki zaman tehnologiýalaryna geçmegi bilen bagly bolup, köne mis simleriň ulanylmazlygyna getirýär.
2025-nji ýylda operatorlaryň misiň satuwlaryndan 720 mln dollara çenli girdeji aljakdygyna garaşylýar. Britan BT kompaniýasy, skandinaw Telia we Telenor, şeýle hem awstraliýaly Telstra kompaniýalary eýýäm bu metaly satyn aljak müşderileri tapdylar.
Iki maliýe ýylynyň dowamynda Telstra simlerden alnan misiň satuwlaryndan AU$211 mln ($132 mln) dollar gazandy. Telenor 2025-nji ýylda 250 tonna golaý mis satmakçy. Bu hem potratçylaryň biri bilen ylalaşygyň çäklerinde €1 mln ($1,04) girdeji getirer. Telia eýýäm köne mis simleriň satuwyndan €25 mln ($26 mln) girdeji görüp, 2025-nji ýylda €2-3 mln ($2,08-3,12 mln) almakçy.
Mise bolan isleg artar, bu hem energetika geçişi we täze elektrik ulgamlaryň gurulmagy bilen bagly bolup durýar. 2035-nji ýyla çenli 1 tonna misiň bahasy 12 müň dollara ýetjekdigi çaklanylýar, bu bolsa häzirki nyrhlardan ep-esli derejede ýokarydyr.
Emma hemme kompaniýalar misi almaga taýyn däl, sebäbi bu söküp aýyrmanyň we gaýtadan işlemäniň ýokary çykdajylaryndan ykdysady taýdan amatsyz bolup biler. Belgiýanyň Proximus ýaly käbir operatorlary misiň satuwyndan girýän girdejiler çykadjylar bilen deňeşdirilende ujypsyz bolup çykandygyny habar berdiler. Muňa garamazdan, umumylykda, bu iş möhüm girdeji we täze tehnologiýalaryň maliýeleşdirilmeginde ýardam berip biler.
ORIENT