Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 19 geleşik baglaşyldy

20.01.2025 | 10:15 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 19 geleşik baglaşyldy

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda 19 geleşik hasaba alyndy.

Birleşen Arap Emirlikleriň, Türkiýäniň, Ukrainanyň we Owganystanyň telekeçileri daşary ýurt walýutasyna “Türkmenhimiýa” DK-da öndürilen karbamidi satyn aldylar. Şeýle hem nah ýüplügi, pagta süýümleri, flanel matasy, buýan köküniň guradylan ekstrakty babatda hem geleşikler baglaşyldy. Satyn alyjy-ýurtlar: Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri, Serbiýa, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy 9 mln 129 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Içerki bazara ýerli işewürler “Türkmennebit” DK-da öndürilen ýol bitumyny we polipropileni, şeýle hem nah ýüplükleri, boýalan sütükli önümleri we beýlekileri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 38 mln 187 müň manada deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: