Duşanbe Tährana örän özüne çekiji maýa goýum şertlerini hödürledi
20.01.2025 | 11:55 |Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň 15-16-njy ýanwar aralygynda Täjigistana bolan döwlet sapary wagtynda, 23 resminama şol sanda bahasy 450 million dollardan gowrak bolan ylalaşyklara gol çekildi. Resmi duşuşyklar bilen bir hatarda Täjigistanyň paýtagtynda işewürlik-forumy geçirildi, bu ýerde eýranly maýadarlara dürli harytlar ýagny dag-magdan taslamalaryndan başlap, syýahatçylyk pudagynda dürli artykmaçlyklar we ýeňilliklere çenli teklip edildi.
Statistik maglumatlara görä, 2024-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlary aralygynda ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygy 336,8 million dollar boldy, bu 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 55% köp we 2013-nji ýylyň derejesine laýyk gelýär. Deňeşdirmek üçin: Täjigistanyň 2023-nji ýylda Hytaý bilen söwda dolanyşygy 1,4 milliard dollara, Türkiýe bilen bolsa 1 milliard dollara ýetdi diýip, “centrasia” habar berýär.
Täjigistanda Eýran maýasy bilen 160 kompaniýa işleýär we 2024-nji ýylda ýük daşamalaryň mukdary geçen iki ýyl bilen deňeşdirilende 3,2 esse artdy. Deňize çykalgasy bolmadyk Täjigistan, Eýranyň Çabahar we Bender-Abbas portlaryny üstaşyr geçelge hökmünde ulanmagy meýilleşdirýär. Täjigistanyň Hindi ummanyna çykmagyna mümkinçilik bermegi, Eýrana ulag merkezine öwrülmäge mümkinçilik berer. Degişli maksatnama Täjigistanyň we Eýranyň Ulag ministrleri Azim Ibrohim we Farzane Sadegi gol çekdi. Sözüniň ahyrynda Emomali Rahmon Eýranyň Täjigistana aýratyn üns berýändigini we Masud Pezeşkianyň saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem E.Rahmon, wiza düzgüniniň ýatyrylmagyny makullady, onuň pikirine görä, bu syýahatçylygyň ösmegine oňyn täsir eder. Ýeri gelende aýtsak, syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk 16-njy ýanwarda iki ýurduň syýahatçylyk agentlikleriniň 400-e golaý wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen forumda ara alnyp maslahatlaşyldy.
ORIENT