Iň täze habarlar

2025-nji ýyl özgerişler ýyly bolup biler we bolmalydyr

15.01.2025 | 22:00 |
 2025-nji ýyl özgerişler ýyly bolup biler we bolmalydyr

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen 14-nji ýanwarda telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda aýdan bu sözleri, halkara we döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagyň gytçylygyny ýeňip geçmäge we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen dünýä syýasatynda we ykdysadyýetinde oňyn üýtgeşmelere bolan adamzadyň umytlaryny görkezýär.

Söhbetdeşlikde 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň simwoliki ähmiýeti nygtaldy, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna we Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy ýaly möhüm seneler barada bellenildi. Bu seneleriň arasynda çuňňur baglanyşyk bar: Türkmenistanyň bitaraplygy Milletler Bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edildi we bu hakykatyň özi, bitaraplygyň parahatçylygy we ösüşi üpjün ediji görkeziji hökmünde ählumumy derejede ähmiýetini görkezýär.

Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ynamdar hyzmatdaşy bolýandygyny we şeýle bolmagynda galjakdygyny, sebit we ählumumy derejede pikirdeşi we ygtybarly daýanjydygy türkmen bitaraplygynyň otuz ýyllygy Antoniu Guterriş bilen söhbetdeşlikde aýdylan sözler tassyklaýar.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “2025 ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamany öňe süriji ýurt hökmünde, Türkmenistanyň ýylyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyny işläp düzdi, kesgitlenen çemeleşmeler we garaýyşlar, Türkmenistan tarapyndan teklip edilýän aňyk işleri we çäreleri durmuşa geçirmek üçin umumy syýasy meýdança bolup hyzmat edýär. Konsepsiýa, bitaraplygyň mümkinçiliklerini Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylygy ýola goýmak we ynanyşmak dialogy medeniýetini dikeltmek ugrundaky tagallalaryny goldamak üçin ulanmagyň möhümdigini nygtaýar we gapma-garşylykly ýagdaýlarynyň öňüni almak we zyýansyzlandyrmak üçin gural hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge gönükdirilendir.

Bu düşünjäni işläp düzmekde BMG-niň degişli gurluşlary bilen geňeşmeler geçirildi. Esasan, geçen ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň başlangyjy bilen çagyrylan “Geljegiň Sammitiniň” mazmunyna esaslanýar we Türkmenistan onuň jemleýji resminamasy bolan “Geljegiň hatyrasyna pakty” iş ýüzünde durmuşa durmuşa geçirmäge özboluşly goşant hökmünde garaýar.

Telefon söhbetdeşligiň dowamyn türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň Baş sekretaryna 2025-nji ýylda Gurama bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy bellenilen meýilnamalar barada aýtdy. Konsepsiýa BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş tarapyndan makullady we onuň ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmekde wajypdygyny belledi.

BMG-niň Baş sekretary şeýle hem Türkmenistanyň ählumumy parahatçylyga, abadançylyga, durnukly ösüşe gönükdirilen syýasatyna we bu ugurdaky başlangyçlaryna ýokary baha berdi hem-de bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri esasynda durmuşa geçirýän bu işlerini goldaýandygyny tassyklady.

Şunuň bilen baglylykda BMG-niň gurluş düzümleri Türkmenistan tarapyndan gurnaljak halkara çärelerine işjeň gatnaşjakdygy mälim edildi. Öz gezeginde, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow, Bitarap Türkmenistanyň we BMG-niň garaýyşlarynyň we maksatlarynyň bitewiliginiň nyşany hökmünde Türkmenistanda geçiriljek halkara duşuşyklarynda we çärelerinde Döwlet baýdagy bilen bir hatarda, Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagynyň goýulmagyny isleýändigini aýtdy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň giň gerimli maksatnamasyny amala aşyrmak, öňde durýan halkara wakalarynyň esasy çäresi Halkara forum bolar ýagny bu forumy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde guramagyň göz öňünde tutulýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň Baş sekretaryny öňde boljak Sammite gatnaşmaga çagyrdy.

2025-nji ýylda mowzuklaýyn maslahatlar we dialoglar, şol sanda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň we Baş Assambleýasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, BMG-niň Parahatçylygy üpjün etmek boýunça komissiýasynyň we beýleki halkara meýdançalaryň çäklerinde geçirmek hem meýilleşdirilýär. Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň yzygiderli duşuşyklary we BMG-niň ştab-kwartirasynda bitaraplyk bilen bagly maslahatlahatlar geçiriler.

BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde sebitleýin we ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmak, ekologiýa we suw meselelerini çözmek hem-de Owganystan bilen özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly bilelikdäki işiň esasy ugurlary barada durup geçdiler. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden “Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”, “Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama” atly Kararnamalaryna esaslanmagy, Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşymak ýylynda sebit howpsuzlygy meseleleri boýunça dialoglary işjeňleşdirmäge özüniň üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklaýar.

Hazarýaka döwleti hökmünde Türkmenistan Hazar deňzi sebitinde howpsuzlygyň ýagdaýy barada hem barada alada edýär, ýurduň çäginde iki sany parahatçylyk dörediş merkezini döretmek mümkinçiligine seretmek teklip edildi. Şol bir wagtyň özünde halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin bitaraplyk kadalarynyň iş ýüzünde ulanylmagyny gönüden-göni üpjün edýän maksatly çäreler Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk ýagdaýyny nazara alyp durmuşa geçiriljekdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy bitarap döwletlere Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk dörediş tagallalarynda ileri tutulýan hyzmatdaş hukuk ýagdaýyny bermek baradaky başlangyçlaryna esaslanyp, BMG-niň degişli gurluşlary bilen iş alyp barmaga taýýardygyny beýan edildi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bilelikdäki işiň esasy ugurlarynyň biri Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek bilen baglydyr. Şu ýerde Türkmenistanyň Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny taýýarlamak, Durnukly ulag arabaglanyşygynyň Ählumumy atlasyny döretmek, şeýle hem Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk bileleşigini döretmek baradaky başlangyçlary uly ähmiýete eýedir.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin toplumlaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasyny işjeňleşdirmegi teklip edýär. Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda bellenilişi ýaly, olaryň maksatlara diňe häzirki zaman dünýä ulgamynyň esasy ösüş hadysalaryna ähli döwletleriň doly görnüşde gatnaşmagy üçin şertleri üpjün etmek, geljegiň ykdysadyýetine täze çemeleşmeleri düzmek, geoykdysadyýetiň durmuşa geçirip boljak we uzak möhletleýin nusgalaryny döretmek arkaly ýetmek mümkindir.

BMG-niň Baş sekretaryny bilen söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň hyzmatdaşlary bilen bilelikde möhüm ykdysady, durmuş, ynsanperwer, ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça işleri dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklap, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň başlangyjy boýunça döredilen “Türkmenistan – BMG” strategik maslahat beriş geňeşiniň bu işlerde goldaw berjekdigine ynam bildirdi.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: