Iň täze habarlar

Türkmenistan iňis dili mugallymlaryň taýýarlanyşyny kämilleşdirýär

13.01.2025 | 10:50 |
 Türkmenistan iňis dili mugallymlaryň taýýarlanyşyny kämilleşdirýär

2025-nji ýylyň 9-11-nji ýanwary aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda “Britan Geňeşi” Britan guramasy tarapyndan guralan Merkezi Aziýada iňlis diliniň öwrenilişini ösdürmek boýunça halkara seminar geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri bilen deň hatarda Türkmenistanyň Milli Bilim institutynyň uly ylmy işgäri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili mugallmlary bu çärä gatnaşdylar.

Seminar Özbek döwlet dünýä dilleri uniwersitetinde geçirilip, iňlis dili hünärmenleriň we mugallymlaryň hünär taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirildi.

Halkara seminarda iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamak boýunça maksatnamalaryň çäginde yzygiderli hünär ösüşiň we refleksiw tejribäniň orny barada maslahatlaşyldy.

Döwlet bilim edaralarynda iňlis diliniň öwredilişini özgertmek boýunça esasy ugurlara hem garaldy. Mugallymlary taýýarlamakda yzygderli hünär ösüşine we refleksiw tejribä aýratyn ähmiýet berildi. Seminara gatnaşyjylar mugallymlary taýýarlamak işinde nazary bilimleri bermekden amaly endikleriň emele getirilmegine geçmegiň zerurlygy barada, şeýle hem okuw maksatnamalaryň halkara standratlaryna laýyklykda täzelenmeginiň wajyplygy barada bellediler.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: