Microsoft we Amazon emeli aň üçin ekologiýa taýdan arassa energiýanyň gözleginde
13.01.2025 | 11:50 |Soňky ýyllarda emeli aň (EA) tehnologiýanyň çalt depginde ösýän ugurlarynyň birine öwrüldi, bu hem maglumat merkezleri tarapyndan energiýanyň sarp edilşiniň ýokarlanmagyna getirdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň maglumatlaryna laýyklykda, 2014-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli bu ulgamda energiýanyň sarp edilşi 7 %, 2018-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli döwürde bolsa – 18 % artdy. 2028-nji ýyla çenli bu sanyň ýurtda elektrik energiýasynyň umumy sarp edilişinden 12 % çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.
Bu çagyryşlara jogap edip, Microsoft we Amazon ýaly iri tehnologiýa kompaniýalary öz amallary üçin ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmelerini gözleýärler. Microsoft Helion Energy bilen termik we ýadro elektrik stansiýasynyň gurulmagy barada ylalaşyga gol çekdi. Ol 2028-nji ýyla çenli gurulyp tamamlanmaly. Bu ylalaşyk kompaniýanyň durnukly energiýa üpjünçiligini üpjün etmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalaryny ulanmak islegini açyp görkezýär.
Amazon, öz gezeginde, ýadro energetika bilen baglanyşykly taslamalary ösdürýär hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine, şol sanda ýel we gün energiýasyna maýa goýumlary artdyrýar. Iki kompaniýa hem özüniň şahsy çiplerini işläp taýýarlap we enjamlary kämilleşdirip, öz maglumat merkezleriniň energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça iş alyp barýar. Bu başlangyçlar diňe bir uglerod yzyny azaltmaga ýardam etmän, eýsem hasaplaşyk kuwwatlyklara bolan barha ösýän zerurlyklary üçin ygtybarly energiýa üpjünçiligini üpjün eder.
ORIENT news