Aşgabatda hindi kinosynyň aýdym-saz agşamsy geçirildi
09.01.2025 | 23:00 |Şu gün Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 18-nji Pravasi Bharatiya Diwas hem-de meşhur Raj Kapuryň 100 ýyllygy mynasybetli hindi kinosynyň aýdym-saz agşamsy geçirildi. Çäre Aşgabatdaky Hindistanyň ilçihanasy hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy.
Myhmanlara ajaýyp konsert garaşýardy: çeper ýolbaşçy we dirižýor Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri meşhur hindi filmlerinden tanymal owazlary ýerine ýetirdiler.
Konsertde “Jenap 420”, “Sergezdan”, “Ogurlanmadyk gelin”, “Dewdas”, “Disko tansçysy”, “Bajirao we Mastani”, “Harabalykdan çykan millioner”, “Üç akmak”, “Zita we Gita”, “Bobbi” we beýleki ýaly millionlarça adamlaryň kalplarynda yz galdyran filmlere ýazylan aýdym-sazlar ýaňlandy.
Ýerine ýetirijiler Bahram Huseýnow, Täçnabat Ýomudowa, Gözel Annahanowa, Gülzada Gorganowa, Arzuw Gorganowa we Döwran Şammyýew hindi dilindäki aýdymlary ussatlarça ýerine ýetirip, tomaşaçylaryda uly şatlyk döretdiler.
Olaryň wokal çykyşlary hindi kino sungatyna mahsus bolan ajaýyp tanslar bilen utgaşdy.
Iki sagatlap dowam eden konsert bir demde geçip, tomaşaçylary hindi kinosyna gurşap aldy.
Aýdym-saz, tanslar hem-de artistleriň ruhlandyryjy çykyşlary tomaşaçylara ýatdan çykmajak duýgylary peşgeş berdi.
ORIENT news