“NSS News” amerikan žurnalynda fransuz speleologlaryň Köýtendagdaky ekspedisiýasy barada makala neşir edildi
08.01.2025 | 18:40 |“NSS News” amerikan žurnalynyň 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň sanynda şol ýylyň aprelinde geçirilen fransuz speleologlaryň (gowak öwrenijiler) Köýtendagdaky ekspedisiýasy barada makala neşir edildi. Makalada ekspedisiýaň maksatlary, geçirilen işler we seýrek tapyndylar barada giňişleýin maglumatlar berilen.
Frasiýadaky Türkmenistanyň ilçihanasy we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan guralan bu ekspedisiýa topografiýa, fotogrammetriýa, biospeleologiýa, geologiýa we karstologiýa ýaly dürli ugurlar boýunça 17 sany hünärmen gatnaşdy. Öňden belli gowaklaryň resmileşdirilmegi we täzeleriň gözlegleri esasy wezipe hökmünde kesgitlenildi.
Makalanyň awtorlarynyň belleýşi ýaly, 21 günüň dowamynda uly iş möçberi amala aşyryldy. 19 km gowak ulgamlaryň barlaglary geçirildi, 8 571 topografik ölçegler geçirilip, ozal rus speleologlar tarapyndan resmileşdirilen bölekler karta geçirildi. Gülşirin (Geofiziki) gowagynda 3D-fotogrammetrik modelirleme geçirildi. Onuň maksady ylmy we bilim maksatlaryna niýetlenen gowagyň takyk sanly nusgasynyň döredilmeginden ybarat.
“Kartografiýa takyklygyny we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin biz Disto X lazer uzaklygy ölçeýji enjamy hem-de Topodroid gollanmasy ýaly häzirki zaman tehnologiýany ulandyk” – diýip, ekspedisiýa gatnaşyjylar gürrüň berýär.
Şeýle-de fransuz topary täze gowaklaryň gözleglerinde ünsüni jemledi. Belentligiň demirgazyk-günbatar böleginde uly bolmadyk gips ulgamlaryň we uzynlygy birnäçe onluk metre ýetýän aýratyn geçelgeleriň üsti açyldy. Emma hanalaryň ep-esli böleginiň barylmasy kyn boldy ýa-da olaryň mümkin bolan girelgeleri ýokdy. Gündogarda bolsa barlag geçirijiler Aýrybaba gar depesine ýetdiler. 2400 metrlik beýiklikde olar kartada bellenen gowagy görüp bildiler, emma agyr şertler zerarly onuň barlaglaryny geçirmek mümkin bolmady.
Makalada sebitiň iň owadan we iň gowy saklanyp galan gowaklaryň biri bolan Geofiziki gowagyň 3D-fotogrammetriýasyna aýratyn üns berilýär. Dört günüň içinde gowagyň ýokary takykly 3D model şeklini döretmek üçin 50 000 suratlar düşürildi.
“Bu tehnologiýa gowagyň sanly nusgasyny döretmek üçin mümkinçilik berýär, ol bolsa onuň gurluşyny, geçelgeleriniň emele gelşini we seýrek gips döremelerini öwrenmek üçin esas bolar. Mundan başga-da, ol gowagy immersiw görnüşinde syn etmäge mümkinçilik berýär” – diýip, makalada düşündiriliş berilýär.
Fransuz speleologlaryň işi Köýtendagyň öwrenilmegine uly goşant goşdy. Ekspedisiýaň netijeleri 2024-nji ýylyň 1-nji maýynda Aşgabatdaky Fransuz institutynda görkezildi. “NSS News” žurnalyndaky makala Köýtendagyň geljekki ylmy barlaglaryň geçirilmegi hem-de halkara toparlaryň hyzmatdaşlygy üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan sebit hökmünde onuň özboluşlylygyny açyp görkezýär.
Makalanyň salgysy: https://caves.org/wp-content/uploads/2024/12/December_24_News.pdf
ORIENT news