Iň täze habarlar

Bilermen “Galkynyş” gaz ýatagyny özleşdirmek tapgyrlary we “Derweze” kraterini öçürmek işiniň öňegidişligi barada gürrüň berdi

09.01.2025 | 14:00 |
 Bilermen “Galkynyş” gaz ýatagyny özleşdirmek tapgyrlary we “Derweze” kraterini öçürmek işiniň öňegidişligi barada gürrüň berdi

“Galkynyş” gaz ýatagy Türkmenistanyň we bütin dünýäniň gaz senagaty pudagy üçin strategiki desga bolup durýar. “Türkmengaz” Döwlet konserniniň Ylmy-barlag institutynyň “Galkynyş” gaz ýatagynyň barlaghana müdiri, tehniki ylymlarynyň doktory Irina Lurýewanyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda taslama tejribe-senagat ulanyş tapgyryndadyr.

Çaklama hasabatlar ýatagy özleşdirmegiň ýedi tapgyryny göz öňünde tutýar – diýip, Irina Iliniçna belledi. – Häzirden eýýäm çuňlaşdyrylan buraw ýaly innowsion tehnologiýalar hem-de dünýä standartlaryna laýyk gelýän gazy taýýarlamagyň häzirki zaman ulgamlary işjeň ulanylýar. Serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyna we ekologiýa howpsuzlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýakyn ýyllarda barlaglaryň ikinji, üçünji we dördünji tapgyrlaryna geçmekligine garaşylýar.

Lurýewanyň aýtmagyna görä özleşdirmegiň tapgyrlaýyn strategiýasy maýa goýum akymlaryny oýlanyşykly dolandyrmaga hem-de tehnologiýa prosesleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Hususan-da, kükürti we kömürturşy gazyny gaýtadan işlemek mümkinçilikleri öwreniliýär, bu hem ekologiýa howplary azaldýar. Ýatakda gazyň alynmagy ýylda 200 mlrd m3 ýetjekdigine garaşylýar.

Öz gürrüňdeşliginde Irina Lurýewa 1963-nji ýyldan bäri ýanyp duran “Derweze” gaz kraterine hem ünsi çekdi.

Bu täsin hadysa bolan gyzyklanma örän ulydyr, emma onuň ekologiýa meselesi hem bar. Girdeji getirip biljek gazyň uly möçberi harçlanýar – diýip, Lurýewa aýratyn belläp geçdi.

Ylmy-barlag institutyň işgärleri krateriň daşky gurşawa ýetirýän tasirini peseltmek üçin birnäçe çözgütleri teklip etdiler. Olaryň arasynda gazyň filtr akymyny dolandyrmak hem-de krateriň golaýynda täze guýyny burawlamak.

Biz eýýäm ilkinji netijeleri görüp başladyk: Capterio kompaniýasy tarapyndan berlen hemra suratlary gazyň zyňyndylarynyň peselýändigini tassyklaýar – diýip, Irina Lurýewa goşmaça belledi. Kabul edilen çäreler diňe bir gözegçilik edip bolmaýan zyňyndylary azaltmaga ýardam etmän, eýsem Türkmenistanyň ekologiýa jogapkärçiligine bolan ygrarlylygyny açyp görkezýär.

Şeýlelikde, Türkmenistan innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyny hem-de durnukly ekologiýa ösüşini utgaşdyryp, özüniň iri gaz taslamlarynyň ösdürilmegini dowam edýär. “Galkynyş” gaz ýatagy hem-de “Derweze” gaz krateri tebigy serişdeleri özleşdirmegiň hem-de onuň bilen baganyşykly wezipeleriň çözülmeginiň netijeli çemeleşmeleriniň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Foto: www.oilgas.gov.tm

Şeýle hem okaň: