Türkmenistanda aýallaryň we çagalaryň arasynda mikronutriýentler boýunça milli ylmy-barlaglar geçirildi
08.01.2025 | 09:45 |Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde Gazagystanyň Iýmit akademiýasynyň tehniki goldawy bilen mikronutriýentler boýunça milli ylmy-barlaglary üstünlikli tamamladylar.
Bu toplumlaýyn ylmy-barlaglar Türkmenistanda aýallaryň we çagalaryň arasynda mikronutriýentler ýetmezçiligiň we howp faktorlaryň dürli görnüşleriniň ýaýranlygyny öwrendi. Ýurduň ähli welaýatlary boýunça 2 672 öý hojalyklaryndan maglumatlar toplandy.
Ylmy-barlagyň hasabatynda iýmit tejribeleriniň, iýmit görnüşiniň köpdürliliginiň, gan ýetmezçiligiň we ýod, foliý turşysy, demir, A we D witaminleri ýaly möhüm mikronutriýentleriň ýetmezçiliginiň giňişleýin seljermesi berildi. Hasabat soňky ýyllarda iýmit ulgamynda gazanylan ösüşi şöhlelendirip, geljekki ähmiýet berilmeli ugurlary kesgitleýär.
Häzirki ylmy-barlaglar 2011-nji ýylda geçirilen mikronutriýentler boýunça milli ylmy-barlaglaryň netijeleri bilen deňeşdirilende, dogurmaga ukyply aýallaryň we 6-59 aý aralygyndaky mekdebe çenli ýaşly çagalaryň arasynda gan ýetmezçilik derejesiniň peselendigini görkezdi. Ylmy-barlagyň netijeleri öý hojalyklarynda ýodlaşdyrylan duzuň we baýlaşdyrylan bugdaý ununyň ýerlikli ulanylýandygyny görkezdi. Bu hem duzuň uniwersal ýodlaşdyrylmagyny we uny baýlaşdyrmagyň halkara standartlaryny durmuşa geçirmek işininiň dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýär.
Çagalaryň we aýallaryň iýmitlendirmesini we saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak Türkmenistanyň hökümetiniň esasy ileri tutýan ugurlarydyr.
Jemleýji hasabat bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
ORIENT news