Adam dokumasyny çap edýän ýokary tizlikli 3D-bioprinter işläp taýýarlanyldy
08.11.2024 | 14:47 |Melburn uniwersitetiniň (Awstraliýa) bioinženerleri ýumşak beýni düzüminden süňk we kekirdewük ýaly has gaty düzümlere çenli adam dokumalarynyň takyk nusgalaryny çap edip bilýän 3D-bioprinteri işläp taýýarladylar. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň metbugat gullugy habar berýär.
Bu tehnologiýa organlaryň we dokumalaryň nusgasyny almak üçin guraly hödürläp, keselleriň güýçlenmegini çaklamak işini hem-de haýwanlarda synag geçirmezden täze derman serişdeleriniň täze işläp taýýarlamalaryny belli derejede gowulandyrýar.
Melburn uniwersitetindäki Collins BioMicrosystems barlaghanasynyň ýolbaşçysy, dosent Dewid Kollinz işläp taýýarlanylan biorpinteriň öýjükleriň 3D-çap gurluşynda takyk ýerleşdirilmesi üçin sandyraýan köpürjikler arkaly döreýän akustik tolkunlary ulanýandygy barada aýtdy. Bu bolsa öýjükleriň çylşyrymly dokuma bolup ýetişmekleri üçin esas üpjün edýär. Bu usulyň gurluşlary birnäçe sekundyň içinde – adaty çemeleşmelerden 350 esse tiz çap etmäge mümkinçilik berýändigi bellärlikdir.
3D-bioprinterleriň köpüsi taýýarlama üçin haýal, gatlaklaýyn çemeleşmäni ulanýar, bu bolsa birnäçe meseleleri ýüze çykarýar. Bu çap etmek işiniň dowamynda janly öýjükleriň ýaşaýşa ukyplylygyny howp astynda goýýar. Mundan başga-da, çapdan soň öýjük düzümler derňew we wizualizasiýa üçin ykjam ýagdaýda standart barlaghana plastinalara geçirilmeli – bu näzik düzümleriň bitewiligini howp astynda goýup bilýär.
3D-çap etmek işiniň möhletiniň belli derejede gysgalmagyň netijesinde Melburn uniwersitetiniň barlag geçirijiler topary öýjükleriň ýaşaýyş derejesini ep-esli derjede ýokarlandyrmagy başardylar, şol bir wagtyň özünde fiziki öwürme zerurlygyny aradan aýyryp bildiler.
Şeýlelikde, bu tehnologiýa lukmançylyk barlaglar üçin möhüm gural bolup biler. Dürli organlaryň we dokumalaryň takyk nusgalarynyň döredilmegi keselleri öwrenmekde, meselem rak keseliniň ýaýramagyny, ýa-da täze bejeriş usullaryny işläp taýýarlamakda wajyp bolup durýar.
ORIENT news