Türkiýeniň iň gowy güýz ugurlary bilen syýahat ediň
23.10.2024 | 20:20 |Ortaýerdeňziň jümmüşinde dynç alyşyň köpdürli mümkinçilikleri bilen syýahatçylary özüne çekýän Türkiýe güz syýahaty üçin ajaýyp ýerleriniň biridir.
Günorta kenarýakasynda tomus möwsümi gutarmajak ýaly görünýär, ýurduň käbir welaýatlarynda bolsa güýzde hem maýyl howasyndan lezzet alyp bolýar. Elbetde, özüniň baý taryhy we medeniýeti bilen Stambul hökmany duralga bolmagynda galýar. Emma bu gün biz güýzüň ähli öwüşginliginde açylýan beýleki ajaýyp ugurlar barada gürrüň bereris: owadan reňkli tebigat, gadymy şäherler, gazuw-agtaryşlarda tapylan tapyndylar we özboluşly aşpezlik däpleri.
Egeý kenarýakasynda tagam syýahaty Egeý kenarýakasy aşhana muşdaklaryny özüniň täze deňiz önümleri, organiki önümleri, hoşboý ysly otlary we meşhur zeýtun ýagy bilen begendirer. Güýzde bu ýerde zeýtun we üzüm ýygymy başlap, Bozjaada we Aýwalyk ýerlerini syýahatçylar üçin has hem gyzykly edýär, sebäbi olaryň bu däp-dessurlara gatnaşmaga mümkinçiligi döreýär. Urla etraby hem üýtgeşik bolup, bu ýerde diňe üzümlikleriň we zeýtun tokaýlyklarynyň arasynda gezelenç etmän, emma Michelin ýyldyzlaryna mynsayp bolan restoranlara barmak mümkinçiligi bar. Güýz möwsüminde bu ýer aşhana mudaklary üçin has çekiji bolup, olar rahat we asuda ýagdaýda fermer önümlerinden bişirilen naharlardan lezzet alyp bilýärler.
Ortaýerdeňiz dynç alyşy: deňiz, Gün, kenarlar Ýumşak howasy we arassa gök deňzi bilen Türkiýeniň günorta kenarýakasy kenar dynç alyşy üçin güýzde hem örän gowy ýer bolmagynda galýar. Türkiýe Riwýerasynyň merkezi bolan Antalýa Gök baýdak bilen bellenilen özüniň 233 sany kenary bilen meşhur bolup, dünýäniň iň ajaýyp künjekleriniň biri hasaplanylýar. Kenar dynç alyşyndan başga-da, Antaliýada Aspendos we Side ýaly gadymy obalara ekskurisýa amala aşyryp bolaýr. Bu ýerde geçmiş güýz tebigatyň bezegleri bilen janlanýar. Belek golf oýny üçin ajaýyp mümkinçilikleri hödürleýär, Kaş ýaly gözel kurortlar bolsa suw asty ýüzme we gowak ekskursiýa muşdaklaryny özüne çekýär. Likiý ýoly ýa-da Gudratly Paweliň ýoly boýunça ýörüşe gitmek mümkinçiligini elden gidirmäň – olar bu sebitiň güýz tebigatynyň ähli gözelliklerini açyp görkezýär.
Kappadokiýa: howa şarlaryň we gadymy şäherleriň mekany Kappadokiýa – Türkiýeniň iň üýtgeşik ýerleriniň biridir, ol güýz möwsüminde hasam özüne çekiji bolup, ýumşak yşyklary we tebigatyň mylaýym reňkleri onuň manzaralaryny has hem üns çekiji edýär. Bu ýeriň iň meşhur güýmenjeleriň biri – howa şarynda uçuşlar bolup, ýokardan “erteki tüsseçykarlaryň” jadyly görnüşlerini we gadymy obalary synlamaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de Kappadokiýa öz medeniýeti we taryhy bilen meşhurdyr. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen açyk asman astynda ýerleşen Gereme muzeýi syýahatçylary freska nagyşly gadymy gaýa kiliseleri bilen haýran galdyrýar. Çozuşlardan goranmak üçin ulanylan Kaýmakly we Derinkuýu ýer asty şäherleri geçmişiň gizlin sahypalaryna alyp gidýär.
Türkiýeniň Günorta-Gündogary: medeni miras we tagam däpleri Güýz – öz baý medeni mirasy we tagam däpleri bilen meşhur bolan Türkiýeniň Günorta-Gündogaryna syýahat etmek üçin ajaýyp döwürdir. ÝUNESKO-nyň obýekty bolan gadymy mazarlary we heýkelleri bilen Nemrut daglaryndan başlap, siz haýran galdyryjy taryhy ýerleri açyp bilersiňiz.
Indiki duralga Gaziantep, ol Türkiýeniň aşpezlik paýtagty bolup, ol ýerde pahlawa, kebab we pisse ýaly bütin dünýä belli tagamlary dadyp bolýar. Şanlyurfada Gebekli-Depe we Karahan-Depe ýaly gadymy obalar ýerleşen, Mardin bolsa gadymy binagärligi we orta asyr atmosferasy bilen begendirýär. Gadymy gala diwarlary bilen belli bolan Diýarbekir hem siziň syýahatçylyk ugruňyzda ýerleşýär. Esasan hem, siz Time žurnalynyň pikiri boýunça dünýäniň iň beýik gezelençleriň sanawyna goşulan ajaýyp Diýarbekir ekspressinden peýdalansaňyz.
Bu ugurlar siz üçin Türkiýe boýunça ýatdan çykmajak güýz syýahatyny peşgeş berer.