Nebitiň alynyşynyň taryhyndan: gadymy guýylardan häzirki zaman tehnologiýalaryna çenli
04.10.2024 | 18:10 |Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow:
- Türkmenistan özboluşly we gaýtalanmajak tebigy serişdelere baý bolup, biz olary geljekki nesiller üçin gorap saklap artdyrmalydyrys. Tebigata we onuň baýlyklaryna aýawly gatnaşmak – bu jemgyýetimiziň durnukly ösüşiniň kepilidir.
“Türkmennebit” Döwlet konserniniň hem-de Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň döredilmeginiň taryhyna bagyşlanan makalalar toplumyna başlap, nebitiň alynyşynyň dürli usullary, onuň dürli pudaklarda ulanylyşy we nebiti gaýtadan işlemekde häzirki zaman üstünliklerine ýetiren tehnologiýalaryň ösüşi barada giňişleýin gürrüň bermäge çalyşarys.
Nebit “gara altyn” hökmünde tanalyp, asyrlar boýy adam siwilizasiýasynyň ösüşinde esasy orun tutýardy. Gurluşyk we balzamlama üçin ulanan gadymy jemgyýetlerden tutuş dünýäni energiýa bilen üpjün edýän häzirki zaman tehnologiýalaryna çenli nebit hemişe üns merkezindedi. Nebitiň alynyşy we onuň gaýtadan işlenilmegi baradaky materiallar toparynyň başyny başlaýan bu makalada nebitiň ilkinji gezek ýatlanyp geçmelerinden häzirki zaman ulanylyşyna çenli onuň geçen ýoluny yzarlap, Türkmenistan üçin nebitiň wajyplygyna aýratyn ähmiýet bereris.
Şeýlelikde, nebit – özboluşly ysly tebigy ýagly ýanyjy suwuklyk bolup, esasan, uglewodordlaryň we birnäçe beýleki himiki birleşmeleriniň çylşyrymly garyndysyndan ybarat. Onda hemişe azowlak mukdarda suw we organiki däl maddalar bolup, olaryň arasynda kükürdiň, galogeneriň we wanadiniň birleşmeleri islenilmeýär. Nebit gazylyp alynýan ýangyç (kaustobiolit) hasaplanylýar.
XX we XXI asyrlaryň dowamynda nebit möhüm gazylyp alynýan peýdaly magdan bolmagynda galýar. Soňky maglumatlara görä, dünýäde bir gije-gündizde 100 mln barrele (15,9 mlrd litr) golaý nebit sarp edilýär.
Nebitiň ulanylmagy bilen bagly ilkinii ýatlamalar b.e.öňki XXVI asyrda siwilizasiýanyň ýaşan ýeri Ind derýasynyň ugrunda gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda bellige alyndy. Mohenjo-Daro gadymy hindi şäheriniň harabalarynda 5 müň ýyl mundan ozal gurulan howuz tapylyp, onuň düýbi we diwarlary asfalt (nebit turşamasynyň netijesindäki önüm) bilen örtülendi.
Şeýle-de b.e.öňki XXIII asyrda nebit we ondan ýasalan önümler gurluşykda berkidiji material hökmünde ulanylyp, Ýefrat derýasynyň boýnunda tapylan tapyndylar muňa şaýatlyk edýär. Bibliýa rowaýatlary b.e.öňki VI asyrda patyşa Nawuhodonosor Wawilondaky ägirt uly peçi nebit bilen ýakandygy barada beýan edýär. Gerodot b.e.öňki V asyrda Mesopotamiýada bolup geçen wakalary beýan edip, pars şasy Dariý I-iň mülkündäki Kassiýa welaýatynda “Ardarika” atly “meşhur guýylaryny” ýatlap geçýär.
B.e.öňki IV asyrda Gadymy Müsürde ölenleri balzamlama üçin nebit ulanylypdyr. Gadymy Gresiýada b.e.öňki III asyrda eýýäm nebtiň ýandyryjy garyndy hökmünde ulanylandygy barada Plutarhyň we Dioskoridyň işlerinde ýatlanylýar.
Geçmişde nebit harby maksatlar bilen ulanylýardy, bu ýagdaý XVII asyra çenli, ýagny ot açýan ýaraglaryň ulanylyp başlanan döwrüne çenli dowam edýärdi. Emma kem-kemden nebitden däri ulanylyşyna geçip, köp asyrlaryň dowamynda nebit has kuwwatly ýarag hasaplanylýardy. Nebitiň uruş hereketlerinde ulanylandygy barada Gomeriň “Iliadasynda” hem ýatlanylýar. B.e.öňki 730-njy ýylda şa Pianhiniň baştutanlygyndaky nubiý esgerleri Müsüriň Memfis şäherine “otly oklary” ýagdyrypdyrlar. Lukmançylygyň esaslandyrjysy hasaplanylýan gadymy grek alymy Gippokrat (b.e. öňki IV-V aa.) nebiti öz içine alýan derman serişdeleriniň köpsanly taýýarlanyş usullaryny beýan etdi.
Nebitiň bejeriş aýratynlyklary barada Eýranyň, arap ýurtlarynyň we Hindistanyň gadymy lukmançylyk kitaplarynda maglumat tapyp bolýar. Arap-pars, grek we rus awtorlarynyň işlerinde häzirki zaman Türkmenistanyň çäginde nebitiň gadymy döwürlerden bäri gazylyp alynandygy barada az bolmadyk mukdarda bölekleýin maglumatlar saklanylyp galdy. Günbatar Türkmenistan sebitinde nebitiň bolandygy barada diňe Hazar deňziniň günorta-gündogar kenarýakasynyň ýaşaýjylary bilmän, eýsem goňşy ýerlere bu mälimdi. Çelekende 1743-nji ýylda nebitiň sada usulda gazylyp alynyşynyň başlandygy barada taryhy maglumatlar habar berýär. Şol ýylyň özünde kapitan Wudruf we iňlis-rus söwda kompaniýasynyň direktorlarynyň biri Jonas Henweý Çelekene baryp gördüler.
Türkmen taryhçylary öz işlerinde Jonas Henweýiň 1754-nji ýylda “Hazar deňzinde iňlis söwdasynyň taryhy oçerki” ady bilen neşir edilen kitabyna salgylanýarlar. Onda Çelekende azowlak mukdarda gazylyp alynýan nebit, türkmenler tarapyndan onuň çuň bolmadyk guýylardan ýönekeý desgalar bilen gazyp alynyşy, şeýle-de Hazar deňziniň gündogarynda ýaşaýan türkmenleriň goňşy halklar bilen söwdalary barada beýan edilýär. Henweý “naftyň”, ýagny nebitiň köpsanly çeşmeleriniň barlygy sebäpli Çelekeni “Naftoniýa” diýip atlandyrýardy.
XVIII-XIX asyrlarda Çelekene baryp gören rus syýahatýylarynyň ýazgylarynda çeleken nebiti, onuň gazylyp alynyş usullary we söwdasy barada maglumatlar bar. 1764-nji ýylda Çelekene baryp gören inžener-maýorlar Ladyženskiniň we Tokmaçýowyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, ol ýerde ýigrimä golaý nebit buraw guýylary bolup, her ýyl olardan 4000 puda golaý (1 pud=16,3 kg) nebit alynýardy. 1781-nji ýylda graf Woýnowiçiň ekspedisiýasy Çelekene geldi. Oňa gatnaşan tebigatçy alym Karl Gablis özüniň 1809-njy ýylda çap eden ylmy hasabatynda Çelekende gadymyýetden bäri türkmenleriň ýaşaýandygyny hem-de olaryň ata-babalary ýaly maldarçylyk we guýylardan nebiti gazyp almak bilen meşdullanýandyklaryny belleýär.
Günbatar Türkmenistany öwreniji meşhur rus syýahatçysy kapitan N.N.Murawýow 1819-njy ýylda Çelekene baryp gördi. Ol Şagadamdan Hywa patyşalygyna çenli ýol geçip, 1812-nji ýylda türkmenleriň Çelekende 60 müň puda golaý nebiti gazyp alandyklary barada öz ýazgylarynda belleýär. Kazan uniwersitetiniň professory Eýhwaldyň maglumatlaryna görä, 1826-njy ýylda Çelekende nebitiň gazyp alynmagy 80 müň puda çenli ýokarlandyryldy. Şeýlelikde, rus ekspedisiýasynyň ýolbaşçysy G.S.Kareliniň aýtmagyna görä, 1835-nji ýylda çelekenliler 135 müň puda çenli nebit gazyp aldylar. Dört ýyl mundan soňra 3400 buraw guýylaryndan ýylda 136 müň puda golaý nebit gazylyp alynýardy.
Çelekende nebitiň gazlyp alynyşy barada has giňişleýin maglumatlary rus goşunynyň leýtenanty Mihail Felkner berýär. Ol dag-magdan inženeri bolup, Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynda barlag işlerini geçirmek üçin ugradyldy. Felkneriň aýtmagyna görä, Çelekendäki nebit buraw guýylarynyň çuňlugy sekiz arşinden (1 arşin=0,71 m) geçmändir. Bir guýylaryň çuňlugy ortaça 12-15 sažene (1 sažen=2,13 m), beýlekileňki bolsa – 35 sažene deňdi. Iň ýalpak guýylaryň çuňlugy 1,5 sažene deňdi. Buraw guýylaryndan alynan nebitiň mukdary üýtgäp durýardy: bir guýylardan bir gije-gündizde 20 puda golaý nebit alynýardy, beýlekilerinden – aýda bir ýa-da ondan az pud alynýardy.
Nebitiň taryhy täsin maglumatlardan we wakalardan doludyr, olar entegem biziň durmuşymyza we ykdysadyýetimize öz täsirini ýetirýärler. Emma bu bolsa biziň syýahatymyzyň ýaňy bir başydyr. Indiki sanlarymyzda taryhy ekskursymyzy dowam edip, nebitiň gazyp alynmagynyň häzirki zaman usullaryny, onuň daşky gurşawa ýetirýän täsirini hem-de sanlylaşdyrma we ýaşyl geçişiň döwründe Türkmenistanda we tutuş dünýäde nebit senagatyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini düýpli öwreneris. “Gara altynyň” geljegi barada has köp maglumat almak üçin Orient bilen galyň!
“Türkmennebit” Döwlet konserniniň we Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň[](kömegi bilen taýýarlanyldy.
ORIENT news