Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Gruziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine interwýu berdi
01.10.2024 | 16:07 |Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow Gruziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine interwýu berdi.
Olar Geoecohub internet neşiri we NewСaucasus özbaşdak internet neşiri.
Orient-iň okyjylaryny onuň mazmuny bilen tanyşdyrýarys.
2023-nji ýylyň awgust aýyndan başlap Döwletmyrat Seýitmämmedow Gruziýada Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesini ýerine ýetirýär. Uly bolmadyk möhletde möhüm işler ýerine ýetirildi. Şeýle bolsa-da, ýaş diplomat gazanylan üstünlikler bilen çäklenmän, Türkmenistanyň Ilçihanasy we onuň ýolbaşçysy täze wezipeleri öňde goýýarlar.
-Siz haçan Gruziýada öz işiňize başladyňyz? Ýurdumyzda bolmagyň haýsy pursatlaryny aýratyn bellärsiňiz?
-2023-nji ýylyň awgust aýynda Gruziýada Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi hökmünde öz işime başladym. Gruziýa döwletiniň ýokary wezipeli adamlaryna ynanç hatlary gowşuralyndan soňra, wezipämiň işleriniň başyna geçip, gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň meselelerini öwrenip başladym.
-Häzirki wagtda Gruziýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň ýagdaýyna nähili baha bererdiňiz? Ilçi hökmünde Siz bu gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin haýsy wezipeleri ýerine ýetirersiňiz we ýetirýäňiz?
-Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselesi barada aýdamyzda, Türkmenistanyň we Gruziýanyň gadymdan gelýän taryhy gatnaşyklarynyň bardygyny bellemek zerur. Biziň ýurtlarymyzy özara hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň we açyklygyň esasynda gurulup, däbe öwrülen dostluk we doganlyk gatnaşyklary birleşdirýär. Türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň çalt depginde ösdürilmegi syýasy dialogyň yzygiderli alnyp barylmagyna hem-de ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna esaslanýar.
Iki ýurduň arasynda ýygy-ýygydan geçirilýän ýokary derejeli saparlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça döredilen türkmen-gruzin hökümetara komissiýasy hyzmatdaşlygyň intensifikasiýasynda aýratyn ähmiýete eýedir. Bu komissiýanyň formaty we işi ikitaraplaýyn ykdysady hem-de syýasy gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň utgaşdyryjy guraly bolýar. Iki ýurduň daşary işler edaralarynyň arasyndaky hyzmatadşlyk giňeldilýär. Iki ýurduň paýtagtlarynda her ýyl Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirilýär.
-Ýurtlarymyzyň ýokary kanun çykaryjylyk edaralary barada näme aýdyp bilersiňiz?
-Şu günki gün parlamentara hyzmatdaşlyk ýurtlaryň arasynda netijeli dialogy ösdürmegiň hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagynyň möhüm gurallarynyň biri hasaplanylýar. Şu ýylyň aprel aýynda Gruziýanyň Parlament başlygy Şalwa Papuaşwiliniň ýolbaşçylygynaky ýurduňyzyň parlament wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran sapary barada bellemek zerur. Saparyň dowamynda gruzin wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Duşuşykda iki ýurduň arasynda ikitaraplaýyn hem-de halkara guramalarynyň çägindäki netijeli hyzmatdaşlyk barada aýratyn bellenildi.
-Köpsanly halkara meseleler boýunça Gruziýanyň we Türkmenistanyň garaýyşlarynyň meňzeşdigi mese-mälim...
-Ählumumy we sebit ösüşiniň dürli wajyp meseleleri boýunça garaýyşlaryň meňzeşligi we ýakynlygy Türkmenistanyň we Gruziýanyň ýakyn hyzmatadşlygyna ýardam edýär. Bu bolsa halkara guramalaryň, esasan hem, Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde netijeli hyzmatdaşlyk üçin berk esas bolup hyzmat edýär. Munuň bilen baglylykda, Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän halkara başlangyçlaryna we olary üstünlikli durmuşa geçirmekde çäreleriň alnyp barylmagyna goldaw üçin gruzin tarapyna minnetdarlygymyzy bildirýäris.
-Aziýadan Ýewropa barýan ýol Gruziýanyň we Türkmenistanyň çäklerinden geçýär, bu bolsa Gündogaryň we Günbataryň arasynda ählumumy ykdysady hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ýurtlarymyzyň möhüm ornuny kesgitleýär.
-Bu hakykatdan hem şeýle! Bilşiňiz ýaly, ulag we kommunikasiýa hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan ugurlary haaplanylýar. Döwletlerimiziň çäginden möhüm üstaşyr ýollar geçýär. Gruziýanyň, Türkmenistanyň we sebitiň beýleki hyzmatdaş ýurtlarynyň tagallalary bilen Beýik ýüpek ýolunyň galkyndyrylmagy babatda giň möçberli işler alnyp barylýar. Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ulag geçelgesi Merkezi Aziýa üçin wajyp ykdysady meseleleriniň çözülmeginde esasy element bolup durýar. Hazar deňzi-Gara deňzi (Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Rumyniýa) halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň döredilmegi we durmuşa geçirilmegi baradaky Ylalaşyk ykdysady hyzmatdaşlygyň, önümçilik we energetika boýunça hyzmatdaşlygyň, söwdanyň, maýa goýumlaryň ösdürilmeginde hem uly orun tutar.
-Beýik ýüpek ýolunyň häzirki ugry boýunça halkara ýük gatnawlarynyň intensifikasiýa meselesini nähili beýan ederdiňiz?
-Ýönekeý mysal getireýin. Geosky Georgian International Airlines gruzin kompaniýasy 2023-nji ýylyň oktrýabryndan başlap Tbilisi (Gruziýa) – Çžençžou (Hytaý) – Türkmenabat (Türkmenistan) – Saragosa (Ispaniýa) – Tbilisi (Gruziýa) ugry boýunça yzygiderli ýük howa gatnawyny amala aşyrýar. Emma söwda alyş-çalyş möçberi şeýle çalt deginde ösdürilýär welin, 2024-nji ýylyň iýulyndan başlap Tbilisi (Gruziýa) – Meýlan (Hytaý) – Türkmenabat (Türkmenistan) – Tbilisi (Gruziýa) ugry boýunça ýük howa gatnawlaryny Georgian Airways howa kompaniýasy hem amala aşyryp başlady. Täze ýük howa gatnawy Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmekde ýene bir möhüm ädim bolar.
-Söhbetdeşligimizde Gruziýanyň we Türkmenistanyň ykdysady we syýasy özarabaglanyşygynyň meselelerine uly üns berildi. Emma ýurtlarymyzyň medeni gatnaşyklary barada Siz näme aýdyp bilersiňiz?
-Bu gün dünýäde medeni dialogyň orny we ähmiýeti yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şonuň üçin hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, medeniýet işgärleriniň döredijilikli gatnaşyklary üçin şertleriň döredilmegi, ylym we bilim ugurlarynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Türkmenistanda her ýyl bir şygar astynda geçip, onda jemgyýetiň esasyny düzýän ýörelgelerini, ruhy gymmatlyklaryny we döwletiň maksadokgunlylygyny emele getirýän milli ideýa şöhlelendirilýär. “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” atly 2024-nji ýylyň şygary barada aýdamyzda, türkmen nusgawy edebiýatynyň esaslandyryjysy Magtymgulynyň ady onuň ugrunyň esasy boldy. Bu ýyl Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde dabaraly bellenilýär. Onuň edebi mirasy milletiň mertebesi bolup, ol dünýä medeniýetiniň aýrylmaz genji-hazynasyna öwrüldi. Bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanda we onuň daşynda baýramçylykly dabaralar geçirilýär. Şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň we Magtymgluy Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de dünýäniň dürli ýurtlarynyň meşhur şahsyýetleriniň heýkelleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Seýilgähi döretmek başlangyjyny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öňe sürdi. Bu galereýada beýik gruzin şahyry Şota Rustaweliniň heýkeli mynasyp orun eýeledi, bu bolsa Türkmenistanyň we Grizuýanyň arasdynda dostlugyň, doganlygyň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ýene bir gezekki aýdyň subutnamasydyr.
-Gazetimiz Siziň beýik watandaşyňyzyň şanly ýyllygy mynasybetli birnäçe makalalary taýýarlady...
-Köp sag boluň! Türkmenistanyň Ilçihanasy Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyklaryna işjeň gatnaşyp, Gruziýada bu şanly sene mynsaybetli birnäçe çäreleri geçirdi. Olaryň arasynda tegelek stol, halkara ylmy maslahaty, foto surat sergisi, Suhumi döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň auditoriýasynyň açylyşy, şahyryň goşgularynyň gruzin dilinde ýygyndysynyň tanyşdyryş dabarasy ýaly çäreler bar. Munuň ýaly dabaralaryň geçirilmegi gruzin jemgyýetiniň Magtymguly Pyragy bilen has ýakyndan tanyşymagyna, şahyryň zehininiň çuňlugyny we özboluşlylygyny açmagyna, şeýle-de ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň has-da berkdilmegine we halklarymyzyň ýakynlaşmagyna ýardam etjekdigine berk ynanýaryn.
-Ilçihana tarapyndan ýerine ýetirilen işleri iki sözde beýan edäýiň.
-Iki sözde beýan etmeli bolsa, onda şeýle aýdyp bilerin: Mümkinçilikleriň birleşdirilmegi we olaryň durmuşa geçirilmegi öňegidişligi üpjün edýär.
-Gazetimiziň okyjylaryna ýüzlenip näme diýerdiňiz?
-Siziň gazetiňiz Gruziýada giň okyjylar köpçüligini özüne çekýär hem-de uly gyzyklanma döredýär. Size, siziň toparyňyza, şeýle-de gazetiň okyjylaryna jan-saglyk, bagt, parahatçylygy we gülläp ösüşi arzuw edýärin!