Türkmen medeniýeti Tokiodaky festiwalda: sungat sergisi we ýapon dilindäki kitaplar
24.09.2024 | 23:50 |Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy, Tokioda geçirilen Türki döwletleriniň Medeniýet festiwalynyň çäginde türkmen halkynyň amaly-bezeg we şaý-sepleriniň sungat eserleriniň sergisini gurnady.
Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň stendi sergä gelýänlere Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.
Şeýle hem, Türkmenistanyň ilçihanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon diline terjime edilen kitaplaryny Kansaýdaky Ýaponiýanyň Dil institutyna we Saýtama prefekturasyndaky Kumagaýa şäheriniň kitaphanasyna sowgat berdi diýip, diplomatik wekilhanada habar berildi.
Bu kitaplar ýapon okyjylaryna türkmen halkynyň mirasynyň çuňlugyna we gözelligine has gowy düşünmäge, täze gözýetimleri açmaga we gepleşiklere höweslendirmäge mümkinçilik berer.
ORIENT news