Iň täze habarlar

Türki dünýäsiniň 9-njy dokumental kino Festiwalyna Türkmenistanyň gatnaşmaklygy mälim edildi

23.09.2024 | 02:30 |
 Türki dünýäsiniň 9-njy dokumental kino Festiwalyna Türkmenistanyň gatnaşmaklygy mälim edildi

Türki dünýäsiniň 9-njy dokumental kino Festiwaly özüne uly üns çekdi: 9 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan 300 isleg habarlary geldi.

Gatnaşmaga isleg bildiren ýurtlaryň arasynda Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Özbegistan, Demirgazyk Kipriň Türkiýe respublikasy, Wengriýa we Demirgazyk Makedoniýa bar diýip, “Anadolu Agency” habar berýär.

Hödürlenen 300 işiň arasynda 147 film, ýagny deň ýarysy, emin agzalaryň deslapky garamagyna ugradyldy. Festiwalyň guramaçylary bolup Türki dünýäsiniň žurnalistler federasiýasy çykyş edip, olara Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ), Türki dünýäsiniň häkimiýet geňeşi, Hyzmatdaşlyk we utgaşdyryş boýunça Türk agentligi hem-de Daşary ýurtda türkleriň we Türkiýede olara ýakyn bileleşikleriň işleri boýunça Müdiriýeti goldaw berdi.

Festiwalyň dabaraly açylyşy Türkiýeniň paýtagty Ankara şäherinde TÜRKSOÝ-yň ştab-kwartirasynda geçirilip, dürli ugurlar boýunça baýraklaryň gowşurylmagyny öz içine alar.

On sany film “doly metražly dokumental filmi”, “gyzga metražly dokumental filmi” hem-de “talyp dokumental filmi” ugurlar boýunça sylaglanylar.

Ýeňijileri dokumental filmleriň režissýorlaryndan we türki dünýäsiniň alymlaryndan ybarat bolan eminler topary kesgitlär. Dabaraly çäre we sylaglamak dabarasy 11-nji oktýabra meýilleşdirilen. Festiwal 15-nji noýabrda ýapylyş dabarasy hem-de jemleýji netijeleriň yglan edilmegi bilen tamamlanar.

ORIENT news

Foto: blog.frame.io

Şeýle hem okaň: