Iň täze habarlar

Türkmenistanyñ Ilçisi Bolgariýanyñ Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

18.09.2024 | 23:30 |
 Türkmenistanyñ Ilçisi Bolgariýanyñ Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

Bolgariýada Türkmenistanyñ Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi (hemişelik oturýan ýeri Moskwa ş.) Esen Aýdogdyýew 18-nji sentýabrda, çarşenbe güni Bolgariýanyñ Prezidentine Rumen Georgiýewe Radaýewe ynanç hatlaryny gowşurdy.

Bolgariýanyñ Baştutany türkmen diplomatyny wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oña işinde üstünlikleri arzuw etmek bilen Türkmenistanyñ we Bolgariýanyñ arasyndaky dostlukly we sylagly gatnaşyklary iki ýurduñ halklarynyñ bähbidine dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyñ Ilçisi öz gezeginde hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek we özara bähbitli gatnaşyklar däpleriniñ dowam etdirilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine Bolgariýanyñ Prezidentini ynandyrdy.

Söhbetdeşligiñ dowamynda ikitaraplaýyn esasda we halkara guramalarynyñ çäklerinde Türkmenistan bilen Bolgariýanyñ arasyndaky syýasy-diplomatik dialogyny işjeñleşdirmäge hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge bolan taýýarlyk barada bellenildi. Bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-bolgar hökümetara komissiýasynyñ ähmiýetli orny barada nygtadyldy. Mundan başga-da medeni we ynsanperwer dialogynyñ giñeldilmegine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyñ ahyrynda Bolgariýanyñ Prezidenti Radaýew Türkmenistanyñ Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag sözlerini ýollady diýip, türkmen diplomatik wekilhanasynda habar berildi.

ORIENT news

Foto: russia.tmembassy.gov.tm

Şeýle hem okaň: