Iň täze habarlar

Türkmenistanda küşt: zehinlerden ussatlara çenli

13.01.2025 | 06:45 |
 Türkmenistanda küşt: zehinlerden ussatlara çenli

Aşgabatda 20 ýaşa ýetmedik oglan-gyzlaryň arasynda milli küşt ýaryşlary tamamlandy. Gatnaşanlar nusgawy, çalt we blis-küşt görnüşleri boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşigiň netijeleri yglan edilmezden ozal, ORIENT-iň wekili Türkmenistan Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulýew bilen küşt ösüşiniň çäginde 2025-nji ýyl üçin meýilnamalar barada şöhbetdeş boldy.

2025-nji ýylda Türkmenistanyň Küşt federasiýasy özüniň öňünde uly maksat ýagny ýaş küştçileriň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak maksadyny goýdy. Pozisiýa boýunça pikirlenmäniň ösmegine, başlangyç tapgyra taýýarlyga we strategiki meýilnamalaşdyrylyşyna aýratyn üns berler.

“Biz küştçilerimiziň diňe bir gowy oýnamaklaryny däl, eýsem oýna çuňňur düşünmegini, oýunlaryny seljerip we kämilleşdirmek üçin täze ýollaryny tapmaklaryny isleýäris” – diýip, Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýew belledi. - Biz Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýaşuly tälimçileri we usulyýetçileri bilen maslahatlaşdyk hem-de geljek ýylda ýaş türkmen küştçileriniň pozisiýa, strategiki pikirlenmäniň ösmegine, şeýle hem başlangyç tapgyra taýynlygyna üns bermelidigimiz barada umumy pikire geldik.

13012025-shahmaty-v-turkmenistane (3).jpg

Oýunyň başlangyç tapgyry, açylyşdaky pozisiýada goýlan pikirleriň orta oýunda hasam durmuşa geçirilmegi manysynda (bu – başlangyç tapgyrdan soňky oýnuň, küşt göreşindäki esasy wakalaryň ösýän tapgyry) oýlanyşykly strategiýa we meýilnamany dogry saýlamak, pozisiýa artykmaçlygyny gazanmak arkaly möhümdir. Bu düzgün boýunça, maddy artykmaçlyga öwrülýär.

Emma ilki bilen küştçi anyklamak işleri geçirilýär ýagny güýçli we gowşak taraplary bahalandyrylýar. Ondan soň, maşklar arkaly gowşak taraplaryny we boşluklaryny azaltmaly, oýnan oýunlary pugta seljermek, küşt sungatyna bagyşlanan ýörite kitaplary okamak we elbetde yzygiderli oýun tejribesi arkaly türgeniň mundan beýläkki ösüş nukdaýnazaryndan güýçli taraplary boýunça işler dowam edýär diýip, TKF-niň başlygy belledi.

13012025-shahmaty-v-turkmenistane (6).jpg

Esasy gözegçilik küştçä berkidilen tejribeli tälimçi tarapyndan amala aşyrylýar, ýöne türgeniň özi hem şahsy meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmalydyr. Küşt federasiýasy tarapyndan goldaw ulgamy hereket edýär. Şeýle hem ýaňy-ýakynda usulyýetçiniň täze wezipesi girizildi. Ol wezipäni başarnykly işgär Şahruh Turaýew alyp barýar. Şeýle usulyýetçiler diňe bir Aşgabatda däl, eýsem welaýatlarda hem bar. Türkmenistan milli ýygyndysynyň tälimçileri hem ýekelikde halypa hökmünde, hem küştçiniň özüne kömek bermäge hemişe taýýar. Wepa Mälikgulyýewiň sözlerine görä, bu çäreler Türkmenistanda güýçli küşt mekdebiniň döredilmegine we täze zehinli küştçileriň ösmegine mümkinçilik döreder.

13012025-shahmaty-v-turkmenistane (1).jpg

“Şeýlelik bilen, küştçileriň tebigy ösüşden meýilnamalaýyn işe geçmegi olar bilen maksada okgunly durmuşa geçirýäris. Iki ýarym ýyl ozal Türkmenistanyň Küşt federasiýasy “täze ýola” başlanda, bize ýaryş tejribesi örän ýetmezçilik etýärdi. Bu ýyl biz küştçiler we tälimçiler bilen usulyýet işene uly üns bermegi meýilleşdirýäris” – diýip, Wepa Mälikgulyýew düşündirdi.

“Bu ýylyň çäginde pozisiýa pikirlenişiniň ösüşiniň birnäçe ugurlaryny görkezdik, şolaryň biri – tälimçileriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, küştçiler we olaryň şahsy tälimçileri hem-de milli ýygyndy tälimçileriniň arasynda has işjeň aragatnaşyk, şol sanda şahsy ösüşi ösdürmegiň meýilnamalary ýaly ugurlary kesgitledik” – diýip, TKF-niň başlygy aýtdy.

13012025-shahmaty-v-turkmenistane (7).jpg

Her küştçi üçin bu aýratyn meýilnamalarda pozisiýa pikirlenişini, başlangyç tapgyry we ahyrky oýunlaryny ösdürmegiň möhüm taraplary kesgitlenildi. Eger käbirleri üçin taktiki pikirlenmäniň ösüşi bolup biler, beýlekiler üçin usullary hasaplamak we ş.m. Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda küştçiler we tälimçiler üçin okuw türgenleşiklerini öz içine alýan bu işe halkara bilermenleri hem gatnaşar.

“Bu ýyl Halkara küşt federasiýasy bilen hyzmatdaşlykda eýýäm bir onlaýn seminar geçirdik. Grandmaster, FIDE-iň at gazanan tälimçisi Artur upusupow ýaly meşhur tälimçiler hünärmenlerimiz üçin okuw maslahatyny geçirdi, şübhesiz, bu geljekdäki işlerinde olara kömek eder” diýip, TKF-niň başlygy belledi.

13012025-shahmaty-v-turkmenistane (8).jpg

Indi geçen ýaryşyň netijeleri barada. Rapid görnüşi boýunça ýetginjek oglanlaryň arasynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Wepaly Halnyýazow ýeňiş gazandy, şeýle hem ol bir gün öňünçä “nusgawy” görnüşi boýunça ýaryşda altyn medala eýe boldy.

Blis görnüşinde FIDE-niň ussatlygyna dalaşgär, 8 ýaşa ýetmedik oglanlaryň arasynda (2016 ý.) dünýäniň öňki çempiony Şageldi Gurbangeldiýew gürrüňsiz ýeňiş gazandy. Şageldi şeýle hem rapid görnüşi boýunça ýaryşda bürünç medal gazandy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Amanmuhammet Hommadow üç görnüşde (1 kümüş we 2 bürünç) medal gazanyp, özüni beýleki gatnaşyjylardan tapawutlandyrdy.

Gyzlaryň arasynda doganlar Şöhradowalaryň agalygy dowam etdi – Läle (19 ýaş) we Leýla (18 ýaş). Muňa çenli “nusgawy” ýaryşda çempion bolan Läle 11-nji ýanwarda ýaryşda rapid görnüşinde ynamly ýeňiş gazandy. 12-nji ýanwarda geçirilen blis ýaryşynda Leýla ýeňiş gazandy. Şeýle-de başga ýaş Lebaplylar tapawutlandylar – Jahan Rejepowa we Mähri Agamyradowa (15 ýaş) rapid we blis görnüşinde kümüş we bürünç medal gazandylar.

Ýapylyş dabarasynda ýeňijilere we baýrakly orna mynasyp bolanlara medal we ýaryşyň hemaýatkärlerinden sowgatlar gowşuryldy, olaryň arasynda – “Resmi Kepil” ätiýaçlandyryş kompaniýasy, “Küşt Älemi” küşt akademiýasy, “Globus” kanselýariýa dükany, B2B onlaýyn bazary ALSAT.com.tm we “ORIENT” media ulgamy, ýagny wekili deň-duşlaryny bu gyzykly sport bilen meşgullanmaga ruhlandyryp, çagalary küştiň hakyky ilçileri bolmaga çagyrdy. Galyberse-de, küşt diňe bir oýun däl, eýsem akyl we häsiýeti ösdürmegiň ajaýyp usulydyr.

13012025-shahmaty-v-turkmenistane (5).jpg

Şeýlelik bilen, häzirki ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, rapid görnüşde oýunçylara her göçüme üçin 10 sekunt goşmak bilen her döwe 15 minut berildi, bu gatnaşyjylara diňe oýna çuňňur düşünmäge mümkinçilik bermän dinamiki şertlerde çalt karar bermek ukyby görkezýär. Blis-ýaryşy hasam gartgynly boldy: oýunçylara ýyldyrym çaltlygynda hereket etmegi we üýtgeýişleri takyk hasaplamagy talap edýän her hereketde 2 sekunt artdyrmak bilen her oýna bary-ýogy 3 minut berildi.

Türkmenistanyň Küşt federasiýasy bu ýaryşlara 100-den gowrak ýetginjegiň gatnaşandygyny aýtdy. Has giňişleýin maglumat şu salgyda elýeterli

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: