Iň täze habarlar

Siana Hytaý-Ýewropa ýük daşamalarynyň çäklerinde ilkinji otly geldi

13.01.2025 | 12:58 |
 Siana Hytaý-Ýewropa ýük daşamalarynyň çäklerinde ilkinji otly geldi

Hytaý bilen Ýewropany birleşdirýän ýük otlylar Sian bilen Merkezi Aziýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orun tutýarlar.

Sinhua agentliginiň habar bermegine görä, Şensi welaýatynda ýerleşýän Sian şäheri halkara ýük daşamalarynyň esasy ulag çatrygy boldy. Muňa mysal edip, Hytaý-Ýewropa halkara demir ýol ýük daşamalarynyň çäklerinde Bahar baýramynyň öňüsyrasynda iberilen 1300 tonnaly ýük otly düzüminiň şähere gelmegini bellemeli.

Düzüm Demirgazyk-Gazagystan welaýatyndaky “Aýszýuý” kompaniýasynyň daşary ýurt önümçilik parkyndan ugradylyp, Hytaý-Ýewropa halkara demir ýol ýük daşamalarynyň çäklerinde 2025-nji ýylda ugradylan ilkinji otly boldy.

Bu Sian-Daşkent ilkinji ýokary tizlikli otlunyň girizilmegini hem alamatlandyrdy.

Hytaý-Ýewropa halkara demir ýol ýük daşamalarynyň çäklerinde Merkezi Aziýa NEV-awtomobilleri, fotoelektrik önümleri, durmuş maksatly tehnika we hytaý önümçiliginiň beýleki harytlary eksport edilýär, şol bir wagtyň özünde Merkezi Aziýadan Hytaýa yzygiderli iýmit önümleri, gazylyp alynýan peýdaly magdanlar we beýleki çig-mal harytlary getirilýär.

ORIENT news

Foto: russian.news.cn

Şeýle hem okaň: