Iň täze habarlar

“CNPC” Lebap welaýatynda Gazy gaýtadan işleýän zawodynyň-2 kuwwatlyklaryny giňeltmek barada bäsleşik boýunça taýýarlykdan öňki işlerini yglan edýär

14.01.2025 | 12:15 |
 “CNPC” Lebap welaýatynda Gazy gaýtadan işleýän zawodynyň-2 kuwwatlyklaryny giňeltmek barada bäsleşik boýunça taýýarlykdan öňki işlerini yglan edýär

Türkmenistandaky Hytaýyň “International Ltd.” milli nebitgaz korporasiýasynyň şahamçasy № CIT-24148-Sr bäsleşigi boýunça taýýarlykdan öňki işlerini yglan edýär. Bäsleşik Lebap welaýatynda “Bagtyýarlyk” ylalaşylan çäginiň “B” bölüminde gazy gaýtadan işleýän zawodyň-2 tehnologik desgalarynyň önümçilik kuwwatyny giňeltmek boýunça hyzmatlaryň hödürlenilmegine bagyşlanan.

Taýýarlykdan öňki işe gatnaşmak üçin şertler:

Gatnaşmak baradaky arza öz içine aşakdakylary almaly:

Bäsleşige gatnaşmak barada arza;

Kompaniýa barada gysgaça maglumat, şol sanda tejribe, işiň esasy ugry, hukuk derejesi, hasaba alnyş we ygtyýarnama maglumatlary, soňky üç ýylyň maliýe hasabatlary görkezilmeli;

Soňky bäş ýylyň dowamynda meňzeş taslamalaryň ýerine ýetirilendigi baradaky tejribäniň tassyklamalary;

Türkmenistanyň Telekeçiler we senagatçylar birleşmesiniň şahadatnamasy; Bank kepilligini hödürlemäge taýýardygy barada resmi hat.

Resminamalar bildirişiň çap edilen gününden başlap, 10 senenama günüň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden soň gelen taýýarlykdan öňki resminamalar kabul edilmeýär.

Taýýarlykdan öňki resminamalar iňlis we rus dillerinde taýýarlanmaly, bagjyklanan we sahypa sany görkezilen görnüşinde, ýapylan bukjada, möhür bilen tassyklanan görnüşinde (2 sany nusgada, resminamanyň doly möçberindäki skanirlenen görnüşi) bolmaly.

Bukjada barmaly salgysy, ugradyjynyň ady, bäsleşigiň san belgisi we ady görkezilmeli. Resminamalary şu salgy boýunça tabşyrmaly: Türkmenistan, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3.

Telefon: +99312 44-54-34.

Faks: +99312 44-50-44.

Bildiriş «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: