Iň täze habarlar

Türkmenistanda lukmançylyk barlaghanalarynda hil dolandyryşy boýunça okuw geçirildi

19.09.2024 | 14:54 |
 Türkmenistanda lukmançylyk barlaghanalarynda hil dolandyryşy boýunça okuw geçirildi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky Ýurt boýunça edarasy BSGG-niň Ýewropa sebit býurosy bilen bilelikde Aşgabatda lukmançylyk barlaghanalarynda hil dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak boýunça milli tälimçileri taýýarlamak üçin okuw sapagyny geçirdi.

Okuw sapagynyň maksady “Pandemiýa taýynlyk we “Merkezi Aziýada bütewi saglyk” esasy çemeleşmesine jogap çäresi” taslamasynyň çäginde alnyp barylýan, “Merkezi Aziýada bütewi saglyk” çemeleşmesini durmuşa geçirmegiň çäginde Türkmenistanyň barlaghana hyzmatynyň kuwwatyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Halkara bilermenler Gulmira Kalmambetowanyň we Aleksandr Jaguparowyň ýolbaşçylygynda gatnaşyjylar liniki-anyklaýyş barlaghanasynda hil dolandyryş ulgamy bilen tanyşdylar.

Hil dolandyryş ulgamynda barlaghana işleriniň ähli taraplary, şol sanda guramaçylyk gurluşy, amallar we düzgünler hökmany bolmaly hiliň barlagy nukdaýnazaryndan seredilýär.

Barlaghanada köpsanly amallar we düzgünler bar, bularyň hemmesi synag netijeleriniň takyklygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmek üçin dogry ýerine ýetirilmeli. Barlagyň islendik tapgyrynda goýberilen ýalňyşlyk nädogry netijä getirip biler.

ORIENT news

Foto: instagram.com/who_turkmenistan

Şeýle hem okaň: