Iň täze habarlar

Türkmen sazandalary “Sinandali” nusgawy saz festiwalyna gatnaşýarlar

04.09.2024 | 21:10 |
 Türkmen sazandalary “Sinandali” nusgawy saz festiwalyna gatnaşýarlar

31-nji awgustdan 8-nji sentýabra çenli Gruziýada 6-njy “Sinandali” nusgawy saz festiwaly geçirilýär. 2019-njy ýyldan bäri Gruziýanyň ajaýyp welaýatlarynyň biri bolan Kahetiýanyň Sinandali mülkünde ýylsaýyn geçirilýän bu festiwal dünýä belli sazandalaryň, orkestrleriň we artistleriň gatnaşmagynda Ýewropanyň we Aziýanyň nusgawy sazynyň meýdançasy hasaplanylýar.

04092024-turkmenskie-muzykanty-uchastvuyut-v-cinandalskom-festivale (3).jpg

Pan-Kawkaz ýaşlar orkestri Ermenistandan, Azerbaýjandan, Gruziýadan, Gazagystandan, Türkiýeden, Ukrainadan we Türkmenistandan ýaş sazandalary bir ýere jemledi. Döredijilik ýoluny başlan ýaş sazandalaryň saz arkaly araçäkleri geçip, dünýä meşhur dirižýorlar, halypalar, artistler bilen işleşmäge mümkinçilikleri bar.

04092024-turkmenskie-muzykanty-uchastvuyut-v-cinandalskom-festivale (5).jpg

Orkestr maksatnamalaryndan başga-da bu ýyl “Sinandali” festiwalynda dünýäniň meşhur sazandalarynyň gatnaşmagynda artistleriň özboluşly ýekelik konsertleri we kamera saz konsertleri ýeine ýetiriler.

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestrinden ýedi sany sazanda bu festiwala gatnaşmak üçin saýlanyp alyndy – bu maksat bilen Aşgabat şäherine meşhur italiýaly dirižýor Klaudio Wandelli gelip, hut özi bäsleşigi geçirdi.

04092024-turkmenskie-muzykanty-uchastvuyut-v-cinandalskom-festivale (4).jpg

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan berlen

Şeýle hem okaň: