Iň täze habarlar

Russiýanyň Futbol bileleşigi Türkmenistana Moskwada ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi teklip etdi

02.09.2024 | 22:55 |
 Russiýanyň Futbol bileleşigi Türkmenistana Moskwada ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi teklip etdi

Russiýanyň Futbol bileleşigi Russiýanyň we Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň arasynda jemleýji duşuşygy geçirmegi teklip etdi. Şu gün, 2-nji sentýabrda sport24.ru we Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýaryşlar bölüminiň müdiri Resul Mämmedowa salgylanyp, soccer.ru bu baradaky habary ýerleşdirdi.

“Russiýanyň Futbol bileleşiginden noýabrda Moskwada dostlukly duşuşygy geçirmek baradaky teklibi aldyk. Ýygyndy toparymyzyň baş tälimçisi häzirki wagda Portugaliýada, we biziň bu oýuna gatnaşyp gatnaşmajagymyz baradaky karary hut onuň özi alar. Häzirki wagtda bu teklip garamaga berildi, duşuşyk FIFA günlerinde 11-19-njy noýabr aralygynda geçirilmegi mümkin” – diýip, saýt Mämmedowyň sözlerini getirýär.

ORIENT news

Foto: rfs.ru

Şeýle hem okaň: