Iň täze habarlar

Türkmen futzalçylary Dubaýda Fransiýanyň, Saud Arabystanyň we BAE-niň ýygyndy toparlary bilen duşuşarlar

02.09.2024 | 22:05 |
 Türkmen futzalçylary Dubaýda Fransiýanyň, Saud Arabystanyň we BAE-niň ýygyndy toparlary bilen duşuşarlar

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndy topary 3-13-nji sentýabr aralygynda BAE-da, Dubaýda baş tälimçi Ýakup Öwezowyň ýolbaşçylygynda okuw türgenleşiklerini geçirer. Munuň üçin baş tälimçi 18 oýunçyny çagyrdy. Olaryň üçüsi derwezeçi, beýlekiler – meýdan oýunçylarydyr.

Dubaýda geçirilýän okuw türgenleşikleriniň çäklerinde Türkmenistanyň ýygyndy topary üç dostlukly duşuşygy geçirer. 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň garşydaşy Aziýanyň iň güýçli toparlarynyň biri bolan Saud Arabystanyň ýygyndy topary bolar. Şol günlerde Dubaý şäherinde dünýä çempionatyna taýýarlygynyň çäklerinde okuw türgenleşiklerini geçiýän Fransiýanyň ýygyndysy 7-nji sentýabrda Ýakup Öwezowyň oýunçylary bilen dostlukly duşuşygyny geçirer. 9-njy sentýabrda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň futzal boýunça ýerli topar bilen duşuşygyna garaşylýar diýlip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýtynda habar berilýär.

ORIENT news

Foto: tff.com.tm

Şeýle hem okaň: