Türkiýäniň günbatar sebitiniň gizlin hazynalaryna ser salalyñ
30.08.2024 | 23:07 |Baý medeni mirasyñ, gadymy taryhyň we tebigy täsinlikleriñ özboluşly sazlaşygyndan kemala gelen Türkiýede, henize çenli üsti açylmadyk hazynalar bar. Burdur welaýatynyñ ýaşyl don geýnen depelerinde ýerleşýän Sagalassosyň gadymy harabalyklaryna, şeýle hem Türkiýäniň merkezi günbataryndaky Frigiýalylaryň mistiki dünýäsine etjek gezelenjiñiz sizde ýatdan çykmajak pursatlary wada berýär. Şunuñ bilen baglylykda, Türkiýe barada şu günki güne çenli bilýänleriñizi unudyp, onuñ ajaýyp owadan ýerleri we agzalmadyk taryhy hekaýalar dünýäsine çümmäge çagyrýarys.
Anadolydaky Frigiýa jülgesi
2024-nji ýylda Parižde (Fransiýa) geçirilen Olimpiýa oýunlarynyñ tumarynda Anadolynyň iň gadymy siwilizasiýalaryndan biri bolan Frigiýalylar beýan edildi. Frigiýa jülgesi-Eskişehir, Kütahýa, Afýon we Ankara welaýatlarynda bu gadymy medeniýetiň yzlaryny özünde saklaýan örän uly sebitdir. Şeýle hem bu ýerde Türkiýäniñ iň uzyn pyýada ýollarynyň biri bolan Frigiýa ýolunda ýöräp Frigiýalylaryň taryhy watany bilen tanşyp bilersiñiz. Oña üç ýerden ýola rowana bolmak mümkin. Olar: Gordion, Seýdiler we Ýenije daýhançylyk hojalygy bolup durýar. Türkiýeden ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulan iň soňky taryhy ýerleriñ biri bolan Gordion şäheri, Frigiýanyň syýasy we medeni paýtagty hökmünde tanalýar. Şeýle hem, Frigiýa şyrdagynyñ oýulyp nagyş salnan görnüşine ılkinji gezek bu ýerde duş gelinýär. Afýon welaýatynda bolsa özüniñ gaýalary bilen meşhur bolan Frigiýalylaryñ mesgen tutan ýeri Seýdilerden syýahatyňyza başlap bilersiñiz. Soňra Frigiýalylaryň döwründen bäri oturymly ýer bolan Aýazini, şeyle hem Frigiýanyň onlarça guburlarynyň we taryhy ýadygärlikleriniň ýerleşýän ýeri Göýnüş jülgesine baryp bilersiňiz. Bu ýerde Kütahýadaky Ýenije daýhançylyk hojalygynda düşläniñizde gaýalara oýulan Deliktaş we Penteser galalaryny görersiñiz.
Aeneas- täze medeni ugur
Ýewropa Geňeşi tarapyndan hasaba alnan ılkinji we ýeke-täk medeni ýol bolan Aeneas marşruty- Ýewropanyñ we Ortaýer deňziniň bäş ýurduny öz içine alýan arheologiki ýol bolup, Türkiýäniň demirgazyk-günbataryndaky Egeý kenaryndan gözbaş alýar we Italiýanyň Latium şäherinde gutarýar. Rowaýata görä, Eneý Troýa söweşinden soň Troýadan gaçyp, täze Troýa gurmak niýeti bilen ýola çykypdyr. Ençeme menzil ýol geçip, onuñ ýolagçylygy Italiýa topragynda Rim siwilizasiýasynyň düýbüni tutmak bilen tamamlanýar. Bu marşrut käbiri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen obalardan, tebigy zolaklardan we arheologiki ýadygärliklerden ybarat bolup durýar. Bu ýol Çanakkaledaky gadymy Troýa şäherinden başlap, Eneýiñ gämilerini ýasan yeri bolan Balykesiriň Antandros gadymy şäherinde dowam edýär.
Sagalassos- syrly gadymy täsinlik
Adamzat taryhynyň iň gadymy ojaklarynyň biri hasaplanylýan Anadoly topragy ägirt uly arheologiki baýlyga eýedir. Günbatar Anadoly sebitinde ýerleşýän Burdur welaýatynyñ Aglasun etrabyndaky gadymy Sagalassos şäheri örän ähmiýetli taryhy ýerleriñ biri bolup durýar. Bu gadymy şäher dünýäde iň beýik belentlikde ýerleşýän 9000 adamlyk teatry, şeýle hem 2 müñ ýyl bäri akyp gelýän Antoninler atly suw çüwdürimli desgasy bilen meşhurdyr. Rim Imperiýasy döwründe Pisidiýa sebitiniň iň möhüm şäherlerinden biri bolan Sagalassos şäheri 2009-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň wagtlaýyn sanawyna girizildi.
ORIENT news