Iň täze habarlar

Aşgabatda ýaş bagşylaryñ we dutarçylaryñ milli bäsleşiginiñ jemleýji tapgyry geçirildi

25.08.2024 | 16:15 |
 Aşgabatda ýaş bagşylaryñ we dutarçylaryñ milli bäsleşiginiñ jemleýji tapgyry geçirildi

Döwlet medeniýet merkeziniñ Mukamlar köşgünde "Çalsana, bagşy!" saz bäsleşiginiñ jemleýji tapgyry geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyñ Prezidentiniñ yglan eden "Türkmeniñ altyn asyry" baýragyny almak üçin döwlet döredijilik bäsleşiginiñ aýry ugry hökmünde geçirilýär.

25082024-bahshi- (3).jpg

Ýaş bagşylaryñ we dutarçylaryñ bäsleşigi milli medeni mirasy öwrenmek we dünýä ýaýmak maksady bilen hem-de dutar ýasamak senetçiliginiñ we bagşyçylyk sungatynyñ ÝUNESKO-nyñ Adamzadyñ maddy däl medeni mirasynyñ sanawyna girizilendigi mynasybetli 2022-nji ýyldan başlap umumymilli derejede resmi ýagdaýda geçirilýär.

25082024-bahshi- (2).jpg

Türkmenistanyñ Prezidenti "Çalsana bagşy!" bäsleşiginiñ ýeñijilerine gutlag hatyny ýollady.

24-nji awgust, şenbe güni Mukamlar köşgünde bäsleşigiñ 14 ýeñijisi Döwlet Baştutanynyñ adyndan ýeñiji şahadatnamalar we altyn zynjyrlar bilen sylaglanyldy.

25082024-bahshi- (1).jpg

ORIENT news

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: