Iň täze habarlar

Goşgusyndan multfilm döredilen şahyr üçin garaşylmadyk sowgat

22.08.2024 | 20:45 |
 Goşgusyndan multfilm döredilen şahyr üçin garaşylmadyk sowgat

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň Mahabat müdirliginiň stendiniň guramaçylary Röwşen Welmiýew we Orazgeldi Ahunow şu gün Aşgabatda öz işini tamamlan Kids Expo sergi-ýarmarkasyna gelen myhmanlarynyň ünsüni çekmek üçin uly iş bitirdiler. Müdirlik mahabat wideoýazgylaryny düşürmek, gyzykly kitap önümlerini neşir etmek, iki we üç ölçegli multfilmleri döretmek bilen meşgullanýar.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň mahabat müdirligi täze multfilmleri döretmeklige döredijiliginden ylham alýan ýazyjylar we şahyrlar bilen, şeýle-de animasion filmleriň sazyny döredýän kompozitorlar bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýarlar. Şeýlelikde, ýaňy-ýakynda kompozitor Aýna Şirowa täze çykjak mutlfilmiň sazyny döretdi. Günleriň birinde Röwşen Welmiýew onuň toparynyň Hemra Şirowyň “Gowulyk we erbetlik” diýen goşgusy boýunça multfilm taýýarlandygyny oňa aýdyp berdi. Animasion filmi döredijiler şahyra öz taslamasyny täzeçe özboluşly usulda görkezmek çalyşdylar. We Aýnadan şahyr üçin bu sowgady taýýarlamakda ýardam islediler. Sowgadyň maksady hiç bir zatdan habarsyz şahyry Kids Expo sergisine getirip, premýeranyň geçiriljek zalynda tötänden oturtmakdy.

We bellenen günde we sagatda şahyr zalda otyrka, uly ekranda täze döredilen multfilmiň görkezilişi başlanýar, sahnadan bolsa goşgynyň awtorynyň hut özi zaldadygy barada habar berilýär. Sowgat başyna bardy! Tolgunan şahyr Hemra Şirow sahna çykyp, ol ýerde oňa gül çemenleri we sowgatlar gowşuryldy.

22082024-syurpriz-dlya-poeta (2).jpg

Ýeri gelende multfilm barada aýtsak, gyzykly mazmuny, reňbe-reň animasiýa, ajaýyp sazy, hem-de ýokary taýýarlykly seslendirme çagalaryň göwnüne ýarar. Döredijiler Türkmenistanyň multfilm önümçiligini dünýä derejesine çykarmagy meýilleşdirýärler. We muny amala aşyrmak üçin olaryň ähli zerur zatlary bardyr – zehin we ýokary taýýarlyk.

Multfilmiň görkezilişinden soň şahyr žurnalistlere interwýu berdi. Röwşen Welmiýewiň ýolbaşçylygyndaky döredijilik topary barada ýakymly sözleri aýdyp, ol Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň mahabat müdirliginiň işine ýokary baha bedri.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: