Iň täze habarlar

Hytaýyň ykdysadyýeti ikinji ýarymýyllykda gowy başlangyç görkezdi

21.08.2024 | 16:20 |
 Hytaýyň ykdysadyýeti ikinji ýarymýyllykda gowy başlangyç görkezdi

Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Statistika müdirliginiň berýän makrostatistika maglumatlaryna laýyklykda, Hytaýyň ykdysadyýeti gowy başlangyç görkezdi. Bu barada CGTN Hytaý halkara täzelikler teleýaýlymy habar berýär.

Geçen aý ýurtda senagat önümçiligi ýyl hasabynda 5,1 %, iýun bilen deňeşdirilende bolsa 0,35 % artdyryldy. Integral shemalaryň (26,9 %), 3D printerleriniň (25,3 %), täze energiýa çeşmelerinde işleýän awtoulaglaryň (27,8 %) önümçiligi däp bolşy ýaly çalt depginde ösdi.

Hyzmat ediş pudagynyň ösüş depgini ýyl hasabynda 4,8 % barabar boldy. Bu bolsa iýun bilen deňeşdirilende 0,1 % ýokarydyr. Geçen aýyň jemleri boýunça bu pudagyň işewür işjeňliginiň indeksi laýyk 50-ä deň boldy, telekeçilik garaşmalaryň indeksi – 56,6.

Bölekleýin satuw hem iýunyň görkezijilerine görä 0,7 % çalt ösdi. Iýulyň jemleri boýunça bölekleýin satuw 2,7 % ýetirildi. Dynç alyş möwsüminiň, oktýabr baýramçylyklarynyň, dünýäde iň iri onlaýn satuwy bolan noýabrda “sallahlar güni – 11.11” dowam etmegi bilen synçylar bölekleýin satuwyň mundan beýläk ýokarlanmagyna garaşýarlar.

Daşary ýurtda alyjylar işjeňleginiň ösüşi hytaý eksportuna oňaýly täsir etdi. Ol bolsa iýulda 6,5 % ýokarlanyp, Hytaýa 602 mlrd ýuan daşary söwda profisitini üpjün etdi.

Derňewçiler dynç alyş möwsüminiň tamamlanmagy bilen esasy makrogörkezijileriň mundan beýläk ösmegine garaşýarlar.

ORIENT news

Foto: russian.cgtn.com

Şeýle hem okaň: