Windows-goşundylaryny başga kompýuterlerde işletmek üçin täze programma döredildi
15.08.2025 | 14:05 |12-nji awgustda CrossOver programmasynyň döredijileri 25.1.0 wersiýasyny döretdiler. Bu ýörite programma Windows üçin döredilen goşundylary başga operasion ulgamly kompýuterlerde, meselem, macOS (Apple kompýuterlerinde) we Linux ulgamlarynda işletmäge mümkinçilik berýär. Täze wersiýa esasan ýalňyşlary düzetmek bilen bagly bolup, bu aýratyn hem kompýuter oýunlaryny halaýanlar we ofis programmalarynda işleýänler üçin möhümdir.
CrossOver 25.1.0 täze wersiýasynda aşakdaky gowulaşmalar girizildi:
• Electronic Arts (EA) we Ubisoft kompaniýalarynyň oýunlaryny işletmek üçin niýetlenen ýörite programmalardaky meseleler düzedildi.
• Xbox ýaly meşhur modelleri öz içine alýan oýun joýstikleriniň işi gowulandyryldy.
• Steam (iň uly onlaýn oýun dükany) arkaly oýunlary ýükläp almak we oňa birikmek bilen baglanyşykly ýalňyşlyklar düzedildi.
• Linux ulgamynda MS Office 2016 ofis programmalarynyň işleýiş durnuklylygy ýokarlandyryldy we Outlook elektron poçtasyna birikmek meselesi çözüldi.
• Indi ýalňyşlyksyz işleýän oýunlaryň sanawy täzelendi.
CrossOver programmasy Wine atly başga bir mugt taslamanyň esasynda döredildi. CrossOver döredijileri bu taslamanyň ösdürilmegine işjeň gatnaşýarlar, bu bolsa iki programmanyň hem işini gowulandyrmaga ýardam berýär.
ORIENT